img

     Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa  fakulteti  2012-nji  ýylda döredildi.

     Geologiýa  fakultetinde  Peýdaly  magdanlary  gözlemegiň  we  barlamagyň  geofiziki  usullary, Geologiýa we geohimiýa, Gidrogeologiýa  we inžener  geologiýasy, Dag  işleri, Geologik  kartalaşdyrma  we  markşeýder  işi  hem-de Çyzuw we materiallaryň  garşylygy  kafedralary  hereket  edýär.  Fakultetde   “Peýdaly  magdanlary  gözlemegiň  we  barlamagyň   geofiziki  usullary”,  “Gidrogeologiýa  we  inžener  geologiýasy”,  “Nebitiň  we  gazyň  geologiýasy”, “Gazylyp alynýan  peýdaly   magdanlary  baýlaşdyrmak”, “Geologiki  kartalaşdyrma we  magdan  ýataklarynyň  gözlegi” hünärleri   boýunça  ýokary  bilimli  dag  inženerleri   hem-de “Dag  işleri”  we “Gazylyp  alynýan  peýdaly  magdanlaryň geologiýasy we gözlegi” taýýarlyk ugurlary  boýunça  baklawrlar goýberilýär. Olar okuwlaryny tamamlanlaryndan soňra Türkmenistanyň  Nebitgaz  toplumynyň “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet  konsernlerinde hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynda, ylmy-barlag  institutlarynda, degişli  pudaklaýyn  dolandyryş  edaralarynda  zähmet  çekýärler.

     “Türkmengaz” döwlet  konserniniň  Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda  fakultetiň  binýatlyk  kafedrasy  açylyp, talyplar bu kafedrada nazaryýetde alan bilimlerini  önümçilikde pugtalandyrýarlar,  ylmy-barlag we taslama işlerine  işjeň gatnaşýarlar.

       Fakultetde 2012-nji  ýylda Geologiýa muzeýi döredilip, onuň esasy wezipesi talyplara  bilim  bermek  işinde bar  bolan  görkezme serişdelerini  ulanmak we häzirki  zamanyň  derejesinde geologiki  bilimleri  ýaýmak  bolup  durýar. Onda 1 müňden gowrak  minerallaryň, dag  jynslarynyň, paleontologiki galyndylaryň, magdanlaryň nusgalyklary saklanylýar. Muzeýde Türkmenistanyň ýer astyny yzygiderli  öwrenmäge, sebitiň geologiki  gurluşy barada täze maglumatlary almaga we nusgalyk daş materiallaryny  toplamaga mümkinçilik  döredildi.

     Geologiýa fakultetiniň okuw  binasynda häzirki  zaman döwrebap enjamlar  bilen enjamlaşdyrylan diplom we ýyllyk taslamalary, lingafon we kompýuter otaglary hem-de 15  sany  okuw we ylmy-barlag  işlerini  alyp barmaga  niýetlenen tejribehanalar bar.

     Geologiýa fakultetinde Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini, Hormatly Prezidentimiziň içeri  we daşary syýasatyny wagyz etmek bilen, geljekki  hünärmenleriň dünýä  tejribesini öwrenmekligine, işläp taýýarlamalar baradaky   habarlara, ylmy-usuly maglumatlara we ylmy-amaly barlaglaryň  wajyp ugurlaryndaky innowasiýalara aýratyn ähmiýet  berilýän gurnaklar hereket  edýär.

     Fakultetiň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag işleriniň  netijeleri  tezisler we makalalar görnüşinde  ýerli hem-de  daşary ýurt žurnallarynda çap edilýär.

     Şeýle hem, fakultetiň  professor-mugallymlary we  talyp ýaşlary halkara we döwlet derejesinde  geçirilýän çarelere işjeň gatnaşýarlar.