TÄZELIKLER

img

Woleýbolçylaryň üstünligi

19 Sentýabr 2023

    Türkmenistanyň  sport  äleminde  belent  abraýa  eýe  bolmagy  Hormatly  Prezidentimiziň  baştutanlygynda  ýurdumyzda  bu ugra  aýratyn  üns  berilýär.

    “Arkadag  Serdarly  bagtyýar  ýaşlar  ýyly” diýlip  yglan  edilen  2023-nji  ýylyň  11-19-njy  sentýabry   aralygynda Türkmenistanyň  Garaşsyzlygynyň   şanly  32  ýyllyk  baýramy, Türkmenistanyň  Magtymguly  adyndaky  Yaşlar  guramasynyň ÝUNESKO-nyň   Bütindünýä   Yaşlar   jemgyýetiniň   resmi   agzalygyna   kabul  edilmegi, şeýle  hem “Halkara  talyplar  sporty güni”  mynasybetli   Türkmen  döwlet  bedenterbiýe   we   sport   institutynda   ýurdumyzyň  ýokary  okuw   mekdepleriniň talyplarynyň   arasynda   geçirilen  “Arkadag   Serdarly   bagtyýar   ýaşlaryň  sport, sagdyn  durmuş  baş  ýörelgesidir”  atly  köpçülikleýin   bedenterbiýe-sport   sagdyn   durmuş  medeni-çäreleriň  arasynda   sportuň  woleýbol  (oglanlar)  görnüşi  boýunça   ýaryş  geçirildi.Ýaryşda  Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetiň  “Nebitçi”  woleýbol   ýygyndy  topary  çykyş  edip, toparlaýyn   baýrakly    I orna   mynasyp  boldy.

    Bu   gazanylan  üstünlik  gelejekde  ýaşlary  has  hem  ýokary   netijeleri  gazanmaga  ruhlandyryp,  olarda  guwanç, buýsanç  duýgularyny döredýär.