TÄZELIKLER

img

140 adam Türkmenistanyň ýaşlar baýragyna eýe boldy

17 Noýabr 2023

    2023-nji  ýylyň  17-nji  noýabrynda  Türkmenistanyň  ýaşlarynyň  140-sy  Magtymguly  adyndaky  Ýaşlar  guramasynyň  Merkezi geňeşiniň  Ýaşlar  baýragyna  mynasyp  boldy. Bu  baýraga  eýe bolanlary  sylaglamak  dabarasy  Mary  şäherinde  geçirilen  "Beýik Ýüpek ýolunyň  täze  eýýamy" atly Merkezi  Aziýa  ýurtlarynyň  we  Hytaýyň  Ýaşlar  forumynyň  çäklerinde  geçirildi.Türkmenistanyň  Ýaşlar baýragy  edebiýatda, sungatda, oba hojalygynda,  ylymda, tehnikada, sportda, saglygy  goraýyşda, bilimde  üstünlikleri  gazanan, şeýle  hem  Türkmenistanyň  Prezidenti  Serdar  Berdimuhamedowyň  başlangyçlaryny  durmuşa  geçirmekde  tapawutlanan  ýaşlara gowşurylýar.