TÄZELIKLER

img

OIOIUS-2024

20 Aprel 2024

    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2024-nji ýylyň 15-20-nji aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda II Açyk Halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS-2024) hem-de olimpiadanyň çäginde oňa gatnaşyjylaryň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi geçirildi

      Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna” laýyklykda hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýaş nesli kemala getirmek, talyplary ylma çekmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ylym-bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak we bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 15-20-nji aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk Halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS-2024), şeýle hem olimpiadanyň çäginde oňa gatnaşyjylaryň arasynda 2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirildi

img

      Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen II Açyk Halkara informatika olimpiadasy Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini we ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalardan ynamly baş çykarýandyklaryny görkezýär.

      2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde uniwersitetiň baş binasynda II Açyk Halkara informatika olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, olaryň ýolbaşçy mugallymlary, myhmanlar gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çykyş edip, olimpiada gatnaşýan talyplary we olaryň ýolbaşçy mugallymlaryny gutladylar we uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdiler.

      II Açyk Halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS-2024) 2024-nji ýylyň 17-18-nji aprelinde iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda gatnaşyjylara dürli meseleleri çözmek üçin programmalary işläp düzmek bilen baglanyşykly 5 sany ýumuş hödürlenildi. Olimpiadanyň ikinji tapgyrynda talyplara kiberhowpsuzlyk meselelerini toplumlaýyn çözmek üçin tehniki ýumuşlar hödürlenildi.

      Halkara olimpiada 18 döwletden 52 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 350-ä golaý talyplar işjeň gatnaşdylar.

img

      Halkara olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda 17 sany daşary ýurtdan, ýagny Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Rumyniýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gruziýadan, Katar döwletinden, Liwiýa döwletinden, Owganystan döwletinden jemi 186 wekil gatnaşdy, olaryň 152 sanysy talyp ýaşlar, 34 sanysy ýolbaşçy mugallymlar.

      Olimpiadanyň çäginde oňa gatnaşyjylaryň arasynda 2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 800-e golaý talyplarynyň we professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mejlisler zalynda geçirildi.

img

      Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory Baýrammyrat Atamanow gutlag sözi bilen çykyş edip maslahaty açdy. Açylyş dabarasynda sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çykyş edip, maslahata gatnaşýan talyplary we olaryň ýolbaşçy mugallymlaryny gutladylar. Maslahatda jemi 31 çykyş göz öňünde tutulyp, olaryň ählisi diňlenildi.

      Halkara ylmy-amaly maslahatdaky çykyşlarda beýan edilen ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek boýunça geçirilen amaly we tehnologiki barlaglaryň netijeleri gelejekde ylmyň derwaýys ugurlaryny ösdürmeklige gönükdirilendir.

      Türkmen, rus we iňlis dilleri halkara ylmy-amaly maslahatyň resmi iş dilleri boldy. Halkara ylmy-amaly maslahatda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary öz ylmy işleri bilen çykyş etdiler we tejribe alyşdylar.

      Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalary we ylmyň derwaýys ugurlary boýunça wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu bolsa, talyplaryň arasynda ylmyň soňky ýeten sepgitleri barada maglumatlary almaga giň mümkinçilikleri döretdi. Maslahat talyplaryň geljekde bilelikde ylmy-barlag işlerini alyp barmaklaryna, tejribe alyşmaklaryna we dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmeklerine giň ýollary açýar.

      Halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy mugallymlarynyň we uniwersitetiň ýaş mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ýokary okuw mekdeplerinde okuw-usuly, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy we sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylyşy boýunça tejribe alşyldy hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek teklip edildi.

img

      Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan ýörite işlenilip düzülen milli programma üpjünçiliginiň kömegi arkaly toplanan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy we toparlaýyn ýeňijileri kesgitlenildi.

img

      2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde uniwersitetiň uly mejlisler zalynda II Açyk Halkara informatika olimpiadasynyň (OIOIUS-2024) ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýeňiji diýlip yglan edilen talyplar uniwersitetiň rektory tarapyndan 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli diplomlar we degişlilikde altyn, kümüş, bürünç medallar hem-de Hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar. Olimpiada işjeň gatnaşyjylara we olaryň ýolbaşçy mugallymlaryna sertifikatlar gowşuryldy.

      Halkara olimpiadada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary jemi 43 medal gazandylar. Olaryň 10-sy altyn, 12-si kümüş we 21-si bürünç medallar.

      Şeýle hem, Russiýa Federasiýasyndan olimpiada gatnaşan talyplar 17 medal, Hytaý Halk Respublikasyndan olimpiada gatnaşan talyplar 10 medal we Özbegistan Respublikasyndan olimpiada gatnaşan talyplar 9 medal gazanmagy başardylar. Gazagystan Respublikasynyň Gazak-Britan tehniki uniwersitetiniň talyplary has ýokary netijeleri görkezip, 3 sany altyn, 1 sany kümüş we 1 sany bürünç medala mynasyp boldular.

      Halkara ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk Halkara informatika olimpiadasyna hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahatyna we sergisine gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme kabul edildi.

img

      Maslahata gatnaşyjylar Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa milli ylym-bilim ulgamlarynda alnyp barylýan innowasion ösüş syýasaty hem-de ýaşlar baradaky atalyk aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

      Halkara maslahatdaky çykyşlarda hormatly Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini işe ornaşdyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ylym-bilim pudagynyň täze belent sepgitlere ýetmegi we bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmegi babatdaky aladalary üçin sagbolsunlar, alkyş sözleri beýan edildi.

      Maslahatyň işiniň jemleri boýunça aşakdaky teklipler edildi:

      1.Dünýä derejesinde häzirki zaman tehnologiýalaryny öwrenmek we ylmyň derwaýys ugurlaryndaky innowasion tehnologiýalary özleşdirmek üçin talyplaryň, ylmy işgärler bilen has-da ýakyn aragatnaşygyny ýola goýmak.

      2.Ösen ýurtlar bilen ylym we innowasion tehnologiýalar babatynda ysnyşykly aragatnaşyk saklamagy dowam etdirmek.

      3.Ýurdumyzyň we daşary ýurt talyplarynyň geljekde bilelikde ylmy-barlag işlerini alyp barmak, tejribe alyşmak we dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen şeýle Halkara olimpiadalaryny, ylmy-amaly maslahatlary hem-de sergileri yzygiderli geçirmek.

      Halkara olimpiada we ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döwrebap bilim almak, hünär öwrenmek üçin döredilen şertler, häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, tejribehanalary, sport toplumynyň desgalary, Maglumat tehnologiýalar merkezi, Innowasiýa ylmy-okuw merkezi, Ylmy-barlag we okuw merkezi bilen tanyşdylar. Daşary ýurtly talyplar uniwersitetiň talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag we taslama işleri bilen gyzyklandylar we özara pikir alyşdylar.

      Olimpiada gatnaşan daşary ýurtly talyp ýaşlaryň we olaryň ýolbaşçy mugallymlarynyň paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine, Nusaý taryhy ýadygärlikler toplumyna, milli muzeýlerimize, söwda we dynç alyş merkezlerine gezelençleri gurnaldy.

      Olimpiadada ýeňiş gazanan talyplar öz ýürek buýsançlaryny beýan edip, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny düýpli özgertmek, döwrebaplaşdyrmak baradaky başlangyçlary, ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek, ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagy, halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmegi babatdaky aladalary üçin tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.

      Bilim-terbiýeçilikedaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakbabatdaky taýsyz tagallalary, ýaş nesil hakynda edýän aladalary üçin GahrymanArkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzyaýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarysag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan tutumlyişleri hemişe rowaç bolsun!

                                                                   Şahsy bäsleşikde gazanylan netijeler

T/bÝurtderejeli diplomII derejeli diplomIII derejeli diplomJemi
1.Türkmenistan10122143
2.Russiýa Federasiýasy251017
3.Hytaý Halk Respublikasy5510
4.Özbegistan Respublikasy1359
5.Gazagystan Respublikasy3115
6.Gyrgyz Respublikasy1225
7.Türkiýe Respublikasy145
8.Gruziýa döwleti145
9.Belarus Respublikasy2114
10.Täjigistan Respublikasy314
11.Azerbaýjan Respublikasy224
12.Ermenistan Respublikasy224
13.Eýran Yslam Respublikasy112
14.Katar döwleti112
15.Liwiýa döwleti11
16.Germaniýa Federatiw Respublikasy0
17.Rumyniýa0
18.Owganystan0
Jemi:204060120

                                               Türkmenistanyň  ýokary okuw mekdepleri boýunça gazanylan netijeler

T/bÝokary okuw mekdebiň adyI derejeli diplomII derejeli diplomIII derejeli diplomJemi
123456
1.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti2215
2.Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty145
3.Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti314
4.Türkmen oba hojalyk instituty1124
5.Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty134
6.Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti213
123456
7.Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk instituty1113
8.Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti33
9.Türkmenistanyň Serhet instituty22
10.Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti22
11.Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty22
12.Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty11
13.Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty11
14.Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty11
15.Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty11
16.Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty11
17.Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty11
18.Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy0
19.Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty0
20.S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti0
21.Türkmen döwlet maliýe instituty0
22.Türkmen döwlet medeniýet instituty0
23.Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty0
24.Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty0
Jemi:10122143

                                           Türkmenistanyň  ýokary okuw mekdepleri boýunça gazanylan netijeler

T/bÝokary okuw mekdebiň adyJemi toplan balyEýelän orny
1.Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti64I orun
2.Gazak-Britan tehniki uniwersiteti53II orun
3.Ýewfrosiniýa Poloskaýa adyndaky Polosk döwlet uniwersiteti47III orun