TÄZELIKLER

img

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň Lu Ban ussahanasy dörediler

18 Oktýabr 2024

   Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirýän döwrebap özgertmeleri, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli taslamalary, halkara hyzmatdaşlygynyň uzak geljegini nazarlaýan täzeçe ynsanperwer çemeleşmeleri netijesinde Türkmenistan Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesi dünýäde has-da belende galýar.

img

   Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda 2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda kabul edilen Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasynda “Lu Ban ussahanasy” taslamasyny bilelikde amala aşyrmagy ilerletmek baradaky teklip öňe sürüldi.

img

   Şunuň bilen baglylykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin, Sian we Hebeý şäherlerine gulluk iş saparynyň çäklerinde 2024-nji 18-nji oktýabrynda Lu Ban ussahanasyny döretmek hakynda “Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekildi. Şeýle hem, hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.