TÄZELIKLER

img

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň mugallymlary we talyplary göçme okuw sapagyny geçirdiler

19 Mart 2026

    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymlary hem-de bu kafedrada taýýarlanylýan “Standartlaşdyrmak we metrologiýa” taýýarlyk ugrynyň talyplary bilen “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkezine göçme okuw sapagyny geçdiler.

    Bu göçme okuw sapagyny geçirmegiň maksady ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy-amaly edaralaryň arasyndaky arabaglanyşyklary pugtalandyrmakdan, döwletimiziň ösmegine mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryndan baş çykaryp bilýän hünärmenleri taýýarlamakdan, Döwlet etalon merkezinde etalonlaryň we ölçeg serişdeleriniň ýokary takyklykdaky nusgalarynyň saklanylmagynyň şertlerine bildirýän talaplara laýyklyk üpjün edilendir. Bu ýerde geçirilýän sapagymyz talyplaryň nazary bilimleri bilen baglanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Döwlet etalon merkeziniň esasy amala aşyrýan işleri ;

- tehniki synaglary we seljermeleri geçirmek;

- tehniki synaglary we seljermeleri amala aşyrýan beýleki edaralaryň işlerine döwlet gözegçiligini amala aşyrmak;

- barlag enjamlaryny abatlamak işlerini ýerine ýetirmek;

- tebigy we tehniki ylymlarda barlaglar we işläp taýýarlamalar;

- gurallary we abzallary abatlamak işlerini ýerine ýetirmek.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti