Giňişleýin

img
24 March 2025

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda III açyk Halkara informatika internet olimpiadasyny geçirýär we Siziň ýokary okuw mekdebiňiziň talyplaryny olimpiada işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

Bildiriş

    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda III açyk Halkara informatika internet olimpiadasyny geçirýär we Siziň ýokary okuw mekdebiňiziň talyplaryny olimpiada işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

    Olimpiada “moodle” platformasynda (https://ticit.edu.tm/) geçiriler.

    Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleri.

    Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler.

    Olimpiada gatnaşýan talyplaryň sany çäklendirilmeýär.

    Ýörite işlenilip düzülen milli programma üpjünçiligi arkaly toplanan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy we toparlaýyn ýeňijileri kesgitlenilýär.

    Olimpiada degişli goşmaça maglumatlar we bildirişler uniwersitetiň https://iogu.edu.tm/en/articles/48 web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.

    Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň sanawyny nusga laýyklykda (1-nji goşundy) taýýarlap 2025-nji ýylyň 10-njy apreline çenli hngu.olimp@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.

Habarlaşmak üçin:

Tel: +993 12 39 13 36, +993 65 67 51 31, +993 12 39 14 57, +993 65 62 59 33, +993 12 39 13 18, +993 64 02 25 21

MAGLUMAT

2-nji goşundy

III açyk Halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylara bildirilýän talaplar:

1.Olimpiada “moodle” platformasynda (https://ticit.edu.tm/) geçiriler;

2.Olimpiadada programmirlemäge degişli ýumuşlar hödürlener;

3.Olimpiada geçirilýän wagtynda internet goruny, islendik programmirleme dilini we serişdelerini peýdalanmaga rugsat berilýär;

4.Kompýuterler we web-kameralar üznüksiz internet toruna birikdirilen bolmaly;

5.Internet olimpiadasy geçirilýän döwri talyplara gürleşmek, biri-birine zat geçirmek, öýjükli telefonlardan we beýleki habar beriş serişdelerinden peýdalanmak gadagan edilýär;

6.Talyp ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda degişli soraglary bilen internet olimpiadanyň gurnaýjylaryna ýa-da kompýuter otagynyň tehniki işgärine ýüz tutup biler;

7.Internet olimpiadanyň dowamlylygy – 180 minut.

Olimpiadanyň guramaçylyk topary.