Giňişleýin

img
29 March 2025

Zehinli ýaş himikler

    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde ýurdumyzyň orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly himiýa dersi boýunça “Zehinli ýaş himikler” atly internet olimpiadasyny geçirýär we ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň okuwçylaryny olimpiada işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

    Olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň https://iogu.edu.tm salgysy boýunça ýerleşen resmi internet sahypasynda we “moodle” platformasynda (https://ticit.edu.tm/) geçiriler.

    Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen dili.

    Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler.

    Olimpiada gatnaşýan okuwçylaryň sany çäklendirilmeýär.

    Ýörite işlenilip düzülen milli programma üpjünçiligi arkaly okuwçylaryň toplan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy ýeňijileri kesgitlenilýär.

    Olimpiada degişli goşmaça maglumatlar we bildirişler uniwersitetiň IOGU.edu.tm saýtynda Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça “Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň Düzgünnamasy ýerleşdiriler.

    Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän orta okuw mekdebiniň okuwçylarynyň sanawyny nusga laýyklykda (1-nji goşundy) taýýarlap 2025-nji ýylyň 12-nji apreline çenli Bäsleşigiň guramaçylyk toparynyň hnguhtef.olimp@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.

Habarlaşmak üçin:

Tel: +993 12 39 13 36, +993 12-39-14-77, +993 65-63-01-17, +993 62-06-61-88.

e-mail: hnguhtef.olimp@gmail.com

Himiýa dersi boýunça geçiriljek “Zehinli ýaş himikler” atly internet olimpiadasyna gatnaşyjylara bildirilýän talaplar:

    1.Olimpiada uniwersitetiň resmi internet sahypasynda we “moodle” platformasynda (https://ticit.edu.tm/) geçirilýär;

    2.Olimpiadada himiýadan orta mekdepleriň okuw programmasyna degişli ýumuşlar hödürlener;

    3.Kompýuterler we web-kameralar üznüksiz internet toruna birikdirilen bolmaly;

    4.Internet olimpiadasy geçirilýän döwri okuwçylara gürleşmek, biri-birine zat geçirmek, öýjükli telefonlardan we beýleki habar beriş serişdelerinden peýdalanmak gadagan edilýär;

    5.Okuwçy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda degişli soraglary bilen internet olimpiadanyň gurnaýjylaryna ýa-da kompýuter otagynyň tehniki işgärine ýüz tutup biler;

    6.Internet olimpiadanyň dowamlylygy – 60 minut.

Olimpiadanyň guramaçylyk topary.

Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça “Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigi gurnamak we geçirmek hakyndaky

DÜZGÜNNAMA

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda çykaran 2006-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda orta mekdep okuwçylarynyň himiýa dersi boýunça taýýarlyk derejelerini ýokarlandyrmak, olardan aýratyn zehinlilerini ýüze çykarmak, okuwa höweslendirmek, olaryň geljekde hünär saýlamaklaryna oňyn şert döretmek maksady bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit gaz uniwersiteti tarapyndan orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça “Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň Düzgünnamasy işlenip taýýarlanyldy.

1.Umumy düzgünler

Düzgünnama orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça “Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigi (mundan beýläk-bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

Bäsleşigiň geçirilmegi özbaşdak pikirlenip we mesele çözüp bilýän aýratyn zehinli okuwçylaryň öz zehinlerini açyp görkezmeklerine, olaryň himiýanyň dürli ugurlary bilen gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam berer.

2.Bäsleşigiň maksatlary we wezipeleri

-himiýadan zehinli okuwçylary ýüze çykarmak;

-zehinli okuwçylaryň ukyplaryny, başarnyklaryny we zehinlerini ösdürmek;

-okuwçylara tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwretmek;

-okuwçylaryň himiýa dersini çuňňur öwrenmekleri üçin usuly kömek bermek;

-okuwçylaryň özara bähbitli pikir alyşmalaryny guramak.

-okuwçylarda himiýadan takyk meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;

-okuwçylaryň takyk we çalt pikirlenmek ukyplaryny ösdürmek;

-ukyply okuwçylary ýüze çykarmak, olary hünäre ugrukdyrmak.

3.Guramaçylyk topary

3.1 Bäsleşigi geçirmegiň tertibini, möhletini, gatnaşyjylaryň we ýeňijileriň sanawyny kesgitleýär;

3.2 Orta mekdepleriň wekilleri bilen bäsleşigi guramaçylykly geçirmek babatynda aragatnaşyk saklaýar.

4.Bäsleşik gatnaşyjylar

4.1Bäsleşige orta mekdepleriň we aýratyn çuňlaşdyrylyp okadylýan mekdepleriň uçurym okuwçylary gatnaşyp bilerler;

4.2 Gatnaşyjylaryň sany çäklendirilmeýär;

Bäsleşige gatnaşmak isleýän okuwçylaryň hasaba alynyşy 2025-nji ýylyň 12-nji apreline çenli dowam edýär. Munuň üçin orta mekdeplerden bellenen jogapkär mugallymlar Gatnaşyjynyň hasaba alnyş maglumatyny (1-nji goşundy) anyk, dogry doldurmaly we 2025-nji ýylyň 12-nji apreline çenli Bäsleşigiň guramaçylyk toparynyň elektron salgysyna hnguhtef.olimp@gmail.com ugratmaly.

5.Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

5.1 Bäsleşigi guramaçylykly geçirmek üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça “Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk topary (mundan beýläk –Guramaçylyk topary) döredilýär. Toparyň düzümini Uniwersitetiň rektory tassyklaýar. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň ähli çykdajylary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hojalyk hasaplaşygyndaky serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär;

5.2 Guramaçylyk toparynyň düzümindäki Uniwersitetiň Umumy himiýa kafedrasynyň mugallymlary himiýadan ýumuşlary taýýarlaýar hem-de okuwçylaryň ýerine ýetiren işlerini bahalandyrýar;

5.3“Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigiň birinji tapgyry test görnüşinda onlaýn tertibinde 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde sagat 1000-da geçiriler;

5.4“Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigiň ikinji tapgyry ýumuş bermek arkaly Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň IV okuw binasynda 2025-nji ýylyň 25-nji aprelinde sagat 1000-da geçiriler;

5.5 Birinji tapgyra hödürlenjek test soraglary 20 soragdan ybarat bolup mekdep programmasy boýunça taýýarlanar;

- Test soraglary ýerine ýetirmek üçin her bir okuwça 60 minut wagt berilýär;

- Test soraglary ýerine ýetirilen wagtynda Guramaçylyk topary tarapyndan berk gözegçilik ediler.

Uniwersitetiň IOGU.edu.tm saýtynda Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça “Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň Düzgünnamasy ýerleşdirilýär. Ýumuşlary ýerine ýetiren okuwçylar özleri baradaky maglumatlary we ýumuşlaryň çözüwlerini hnguhtef.olimp@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly. Bäsleşigiň guramaçylyk olar bilen onlaýn tertibinde sorag-jogap alyşýarlar, çylşyrymly ýumuşlar bilen olaryň himiki meseleleri çözmekde ukyp-başarnyklaryny anyklaýarlar. Şu barlagyň netijesinde saýlanan okuwçylar Uniwersitetde geçiriljek bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. Olaryň sanawy IOGU.edu.tm saýtynda goýulýar we welaýat, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň Baş bilim müdirliklerine Uniwersitet tarapyndan hat üsti bilen resmi habar berilýär.

Guramaçylyk topary tarapyndan Uniwersitetde jemleýji bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň Meýilnamasy taýýarlanylýar. Onda bäsleşige gatnaşyjylary garşylamak, ýerleşdirmek, jemleýji bäsleşigi we medeni çäreleri geçirmek boýunça edilmeli işler, olara jogapkärler görkezilýär. Medeni çäreleriň çäginde bäsleşige gatnaşyjylar bilen Uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlaryň we ylmy işgärleriň, şeýle hem okuwda, ylymda, sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanan talyplaryň duşuşyklary we gyzykly gezelençler gurnalýar.

6. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek we sylaglamak

6.1 Bäsleşigiň jemleýji bäsleşigine gatnaşan okuwçylaryň gazanan ballarynyň esasynda olaryň şahsy orunlary kesgitlenýär. Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanylar.

6.2 Bäsleşigiň netijeleri Guramaçylyk topary tarapyndan resmileşdirilýär we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

6.3 Bäsleşigiň ýeňijileri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýa merkeziniň maslahat zalynda 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde yglan ediler we uniwersitetiň Hormat hatlary we diplomlary bilen sylaglanylar.

6.4 Guramaçylyk toparynyň çözgüdi esasynda bäsleşigiň ýeňijilerden has ýokary netije gazananlaryna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuwyny dowam etdirmäge ýeňillikler döredilýär.

Habarlaşmak üçin:

Tel: +993 12-39-14-77, +993 65-63-01-17, +993 62-06-61-88.

e-mail: hnguhtef.olimp@gmail.com

gurnamak we geçirmek hakyndaky

    TÜRKMENISTANYŇ  BILIM MINISTRLIGI ÝAGŞYGELDI  KAKAÝEW  ADYNDAKY HALKARA  NEBIT  WE  GAZ  UNIWERSITETI TÜRKMENISTANYŇ  BILIM  MINISTRLIGI  ÝAGŞYGELDI  KAKAÝEW  ADYNDAKY HALKARA  NEBIT  WE  GAZ  UNIWERSITETI

Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça “Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigi gurnamak we geçirmek hakyndaky

DÜZGÜNNAMA

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda çykaran 2006-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda orta mekdep okuwçylarynyň himiýa dersi boýunça taýýarlyk derejelerini ýokarlandyrmak, olardan aýratyn zehinlilerini ýüze çykarmak, okuwa höweslendirmek, olaryň geljekde hünär saýlamaklaryna oňyn şert döretmek maksady bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit gaz uniwersiteti tarapyndan orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça “Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň Düzgünnamasy işlenip taýýarlanyldy.

    1.Umumy düzgünler

Düzgünnama orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça “Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigi (mundan beýläk-bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

Bäsleşigiň geçirilmegi özbaşdak pikirlenip we mesele çözüp bilýän aýratyn zehinli okuwçylaryň öz zehinlerini açyp görkezmeklerine, olaryň himiýanyň dürli ugurlary bilen gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam berer.

    2.Bäsleşigiň maksatlary we wezipeleri

-himiýadan zehinli okuwçylary ýüze çykarmak;

-zehinli okuwçylaryň ukyplaryny, başarnyklaryny we zehinlerini ösdürmek;

-okuwçylara tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwretmek;

-okuwçylaryň himiýa dersini çuňňur öwrenmekleri üçin usuly kömek bermek;

-okuwçylaryň özara bähbitli pikir alyşmalaryny guramak.

-okuwçylarda himiýadan takyk meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;

-okuwçylaryň takyk we çalt pikirlenmek ukyplaryny ösdürmek;

-ukyply okuwçylary ýüze çykarmak, olary hünäre ugrukdyrmak.

    3.Guramaçylyk topary

3.1 Bäsleşigi geçirmegiň tertibini, möhletini, gatnaşyjylaryň we ýeňijileriň sanawyny kesgitleýär;

3.2 Orta mekdepleriň wekilleri bilen bäsleşigi guramaçylykly geçirmek babatynda aragatnaşyk saklaýar.

    4.Bäsleşik gatnaşyjylar

4.1Bäsleşige orta mekdepleriň we aýratyn çuňlaşdyrylyp okadylýan mekdepleriň uçurym okuwçylary gatnaşyp bilerler;

4.2Gatnaşyjylaryň sany çäklendirilmeýär;

Bäsleşige gatnaşmak isleýän okuwçylaryň hasaba alynyşy 2025-nji ýylyň 12-nji apreline çenli dowam edýär. Munuň üçin orta mekdeplerden bellenen jogapkär mugallymlar Gatnaşyjynyň hasaba alnyş maglumatyny (1-nji goşundy) anyk, dogry doldurmaly we 2025-nji ýylyň 12-nji apreline çenli Bäsleşigiň guramaçylyk toparynyň elektron salgysyna hnguhtef.olimp@gmail.com ugratmaly.

    5.Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

5.1Bäsleşigi guramaçylykly geçirmek üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça “Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk topary (mundan beýläk –Guramaçylyk topary) döredilýär. Toparyň düzümini Uniwersitetiň rektory tassyklaýar. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň ähli çykdajylary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hojalyk hasaplaşygyndaky serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär;

5.2 Guramaçylyk toparynyň düzümindäki Uniwersitetiň Umumy himiýa kafedrasynyň mugallymlary himiýadan ýumuşlary taýýarlaýar hem-de okuwçylaryň ýerine ýetiren işlerini bahalandyrýar;

5.3“Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigiň birinji tapgyry test görnüşinda onlaýn tertibinde 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde sagat 1000-da geçiriler;

5.4“Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigiň ikinji tapgyry ýumuş bermek arkaly Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň IV okuw binasynda 2025-nji ýylyň 25-nji aprelinde sagat 1000-da geçiriler;

5.5Birinji tapgyra hödürlenjek test soraglary 20 soragdan ybarat bolup mekdep programmasy boýunça taýýarlanar;

- Test soraglary ýerine ýetirmek üçin her bir okuwça 60 minut wagt berilýär;

- Test soraglary ýerine ýetirilen wagtynda Guramaçylyk topary tarapyndan berk gözegçilik ediler.

Uniwersitetiň IOGU.edu.tm saýtynda Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça “Zehinli ýaş himikler” atly bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň Düzgünnamasy ýerleşdirilýär. Ýumuşlary ýerine ýetiren okuwçylar özleri baradaky maglumatlary we ýumuşlaryň çözüwlerini hnguhtef.olimp@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly. Bäsleşigiň guramaçylyk olar bilen onlaýn tertibinde sorag-jogap alyşýarlar, çylşyrymly ýumuşlar bilen olaryň himiki meseleleri çözmekde ukyp-başarnyklaryny anyklaýarlar. Şu barlagyň netijesinde saýlanan okuwçylar Uniwersitetde geçiriljek bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. Olaryň sanawy IOGU.edu.tm saýtynda goýulýar we welaýat, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň Baş bilim müdirliklerine Uniwersitet tarapyndan hat üsti bilen resmi habar berilýär.

Guramaçylyk topary tarapyndan Uniwersitetde jemleýji bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň Meýilnamasy taýýarlanylýar. Onda bäsleşige gatnaşyjylary garşylamak, ýerleşdirmek, jemleýji bäsleşigi we medeni çäreleri geçirmek boýunça edilmeli işler, olara jogapkärler görkezilýär. Medeni çäreleriň çäginde bäsleşige gatnaşyjylar bilen Uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlaryň we ylmy işgärleriň, şeýle hem okuwda, ylymda, sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanan talyplaryň duşuşyklary we gyzykly gezelençler gurnalýar.

    6. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek we sylaglamak

6.1 Bäsleşigiň jemleýji bäsleşigine gatnaşan okuwçylaryň gazanan ballarynyň esasynda olaryň şahsy orunlary kesgitlenýär. Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanylar.

6.2 Bäsleşigiň netijeleri Guramaçylyk topary tarapyndan resmileşdirilýär we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

6.3 Bäsleşigiň ýeňijileri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýa merkeziniň maslahat zalynda 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde yglan ediler we uniwersitetiň Hormat hatlary we diplomlary bilen sylaglanylar.

6.4 Guramaçylyk toparynyň çözgüdi esasynda bäsleşigiň ýeňijilerden has ýokary netije gazananlaryna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuwyny dowam etdirmäge ýeňillikler döredilýär.

    Himiýa dersi boýunça geçiriljek “Zehinli ýaş himikler” atly internetolimpiadasyna gatnaşyjylara bildirilýän talaplar:

    1.    Olimpiadauniwersitetiň resmi internet sahypasynda we “moodle” platformasynda (https://ticit.edu.tm/) geçirilýär;

    2.    Olimpiadadahimiýadan orta mekdepleriň okuw programmasyna degişli ýumuşlar hödürlener;

    3.    Kompýuterlerwe web-kameralar üznüksiz internet toruna birikdirilen bolmaly;

    4.    Internetolimpiadasy geçirilýän döwri okuwçylara gürleşmek, biri-birine zat geçirmek,öýjükli telefonlardan we beýleki habar beriş serişdelerinden peýdalanmakgadagan edilýär;

    5.    Okuwçyýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda degişli soraglary bilen internet olimpiadanyňgurnaýjylaryna ýa-da kompýuter otagynyň tehniki işgärine ýüz tutup biler;

    6.    Internetolimpiadanyň dowamlylygy – 60 minut.