Giňişleýin

img
17 October 2025

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-10 aralygynda geçirilen “Software.Hack” atly hakaton bäsleşiginiň geçirilmegi barada

    Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna hem-de Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2025-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky 10/746 belgili hatyndaky tassyklanan sanawa laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-10 aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen “Software.Hack” atly hakaton bäsleşigine ýokary okuw mekdepleriniň 19-dan, hünär-tehniki, orta hünär okuw mekdepleriniň 3-den hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-den jemi 70 sany talyplar we okuwçylar gatnaşdylar. Jemi 26 topardan 12 sany uzak aralykdan gatnaşdy, 14 sanysy gönümel gelip gatnaşdylar.

    “Software.Hack” atly hakaton bäsleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda gowy netijeleri görkezen toparlara 1 sany Baş baýrak, 2 sany I orun, 3 sany II orun, 4 sany III orun kesgitlenildi.

    “Software.Hack” atly hakaton bäsleşigi Türkmenistanyň Intellektual eýeçiligi boýunça Döwlet gullugy tarapyndan resmi şahadatnama alnan programmalary arkaly geçirildi.

Netijeler