Giňişleýin

img
22 October 2026

BILDIRIŞ

      Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” we “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda “Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirýär.

      Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny, ylmy işgärlerini, magistrlerini, aspirantlaryny, talyplaryny, şeýle hem kompaniýalaryň hünärmenlerini ylmy-amaly maslahata işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.

      Resmi iş dilleri: türkmen, rus we iňlis dilleri.

      Gatnaşmagyň görnüşi: şahsy we uzak aralykdan.

      Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak, naharlanmak we Aşgabat şäheriniň çäginde gatnaw hyzmatlary çagyrýan tarapyň hasabyna üpjün edilýär. Aşgabada gelmek we Aşgabatdan gitmek bilen bagly çykdajylar bolsa ugradýan tarapyň hasabyna tölenýär.

      Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin, Goşundyda görkezilen çykyş edijileriň hasaba alyş görnüşini taýýarlamaly we çykyşyň teksti hem-de tanyşdyrylyşy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 15-nji noýabryna çenli iogu.digitalconference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.

      Habarlaşmak üçin:

      Tel.: +993 12 39 13 03, +993 12 39 13 36, +993 12 39 14 47, +993 65 87 80 16, +993 65 88 54 45, +993 65 67 51 31

      Guramaçylyk topary

                                                                                                                                                                                       Goşundy

                                  Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşýan we çykyş edýän wekiliň hasaba alyş görnüşi

Çykyş edýän wekiliň Familiýasy, Ady, Atasynyň ady
Iş ýeri
Wezipesi
Alymlyk derejesi, alymlyk ady
Telefonlary: iş, ykjam
E-mail
Gatnaşmagyň görnüşi (şahsy, uzak aralykdan)
Kompaniýa (doly ady)
Ýokary okuw mekdebi (doly ady)
Okuwyň görnüşi (gündizki, gaýybana)
Hünäri, okuw ýyly  
Çykyşyň ady
Çykyşyň dili