TÄZELIKLER

img

Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi: ýaşlar bilen beýik geljege tarap

06 Ýanwar 2023

      “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar  ýyly” diýlip  yglan  edilen  2023-nji  ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti  Serdar  Berdimuhamedowyň  we Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Hytaý Halk Respublikasyna  döwlet sapary amala  aşyryldy. Arkadagly Serdarymyzyň  şu  ýylda  daşary ýurda ilkinji döwlet saparynyň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik  gatnaşyklaryň  31 ýyllyk  şanly senesi bilen gabat gelmegi aýratyn bellärliklidir. 

      Iki döwletiň baştutanlarynyň arasyndaky gepleşiklerden soň  iki  ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň  gatnaşmagynda  giňeldilen düzümde duşuşyk geçirildi.  

      Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellemek zerurdyr.Duşuşygyň çäklerinde gol çekilen özara bähbitli döwletara, şol  sanda ylym, bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň  mundan beýläk-de  ösmegine hyzmat edýän resminamalar bilen berkidilen  ylalaşyklar hem tassyklaýar.Türkmen-Hytaý gatnaşyklarynda netijeli  söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda  bilim meseleleri  möhüm  orun tutýar. Häzirki  wagtda  iki  ýurduň hökümetleriniň  derejesinde hem, ýokary okuw  mekdepleriniň we kompaniýalarynyň  derejesinde hem netijeli  gatnaşyklar amala aşyrylýar. Türkmen-Hytaý  hyzmatdaşlygyny  giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe  bolan  iki  ýurduň  ýokary okuw mekdepleriniň  we kompaniýalarynyň arasyndaky  gatnaşyklar  barada  aýdylanda, biziň  döwletlerimiziň  we  halklarymyzyň   arasyndaky  özara  düşünişmeklige we hyzmatdaşlyga  wajyp binýat  hökmünde seredilýändigini  bellemek  gerek.

       Türkmenistan  hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň ýurdumyzyň  ýaşlaryny okuwa kabul etmäge taýýardygyna  ýokary baha  berýär  we häzirki  wagtda ýaşlarymyzyň bu ýurtda  bilim  alýandyklaryna aýratyn  gyzyklanma  bildirýär. Hökümet wekiliýetiniň  agzalarynyň gatnaşmagynda Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan  türkmen talyplary bilen bolan duşuşyk hem tassyklaýar.

img

      Iki  döwletiň  baştutanlarynyň  arasyndaky gepleşikleriň netijesi  boýunça  ikitaraplaýyn resminamalaryň  uly toplumyna,şol  sanda  bilim ulgamynda  we  ýurdumyzyň nebitgaz  pudagy üçin  ýokary derejeli  ýaş hünärmenleri  taýýarlamak işinde ylmy barlaglary alyp barmakda  halkara  hyzmatdaşlygyny berkitmek  maksady  bilen Ýagşygeldi  Kakaýew adyndaky Halkara nebit  we gaz uniwersiteti  bilen Hytaýyň  Milli  nebitgaz korporasiýasynyň (HMNK) arasynda  özara düşünişmek hakynda  Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.