TÄZELIKLER

img

Halkara nebit we gaz uniwersiteti Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasynyň agzasy boldy

29 Sentýabr 2023

     Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit  we  gaz  uniwersiteti  dünýäde  tehniki  ylymlaryň  we  bilimleriň  ösmegine  ýardam  edýän  abraýly gurama - Tehniki uniwersitetleriň  assosiasiýasynyň  agzasy  boldy.

    Uniwersitet  bu  assosiasiýa  agza  bolmak  bilen, onuň  çäklerinde  guralýan  möhüm  ähmiýetli  ylmy  maslahatlara, taslamalara  we  barlaglara gatnaşmaga  mümkinçilik  alar.

     Tehniki   uniwersitetleriň  assosiasiýasy  1993-nji  ýylda  Russiýanyň  tehniki  ugurly  ýokary  okuw  mekdepleriniň  başlangyjy  esasynda  döredildi. Onuň  maksady  tehniki  ylymlary  we  innowasiýalary  ilerletmek  üçin  halkara  hyzmatdaşlygyny  ösdürmekden  ybaratdyr.  Häzirki  wagtda  bu assosiasiýa  Russiýanyň  ähli  sebitinden  we  oňa  goňşy  ýurtlardan  132  ýokary  okuw  mekdebi  agza  bolup  durýar.

    Bu  gurama bilimiň hilini  ýokarlandyrmak,  ýaş  alymlary  goldamak  we  halkara  tejribeleri  alyşmak  üçin  dürli  çäreleri  guraýar. Assosiasiýanyň çäklerinde guralýan  olimpiadalar, bäsleşikler,  festiwallar, maslahatlar, okuw seminarlary,  sergilerwe  beýleki  çäreler  yzygiderli  guralýar.