TÄZELIKLER

img

Ýaryşyň ýeňijileri

12 Dekabr 2023

    Türkmenistanyň  sport  äleminde  belent abraýa eýe bolmagy Hormatly Prezidentimiz Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda  bu  ugra aýratyn  üns  berilýändigini  aýdyň  görkezýär. Ýurdumyzda  çempionatlar  ýokary  guramaçylyk  derejesinde geçirilýär.

    Ýaşlary bedenterbiýe  we  sport  bilen  meşgullanmaga  giňden  çekmekde,  sagdyn durmuş ýörelgelerini  wagyz etmekde Ýagşygeldi Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit  we gaz uniwersitetinde  netijeli  işler  alnyp  barylýar.

    Türkmenistanyň  Bitaraplygynyň  28  ýyllygyna  mynasybetli  we  Arkadag   Serdarly  bagtyýar  ýaşlarýylynyň  jemine  bagyşlanyp ýurdumyzyň  ýokary  okuw  mekdepleriniň  talyplarynyň arasynda 2023-nji  ýylyň 12-13-nji  dekabrynda  sportuň  karatedo  görnüşi boýunça  geçirilen  ýaryşda Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit  we  gaz uniwersitetiniň  Nebit  we  gaz  fakultetiniň  2-nji ýyl talyby  Annadurdyýew  Bäşimmyrat  67 kg  agramda  üstünlikli  çykyşedip, I orna  mynasyp  boldy.

    Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetiniň  Balkanabat  bölüminiň  Nebit  senagat  fakultetiniň  1-nji ýyl talyby  Begjanow  Hemra  hem  sportuň  karatedo  görnüşi  boýunça  geçirilen  ýaryşda  84 kg agramda üstünlikli  çykyş  edip, II orna mynasyp  boldy.

    Bu  üstünlikler  ýurdymyzda  sportuň  täze belentliklere  çykmagy  üçin  öňde  goýlan wezipeleriň  üstünlikli  durmuşa  geçirilýändigini aýdyň  beýanedýär.