Ýaryşyň ýeňijileri
Türkmenistanyň sport äleminde belent abraýa eýe bolmagy Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ugra aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzda çempionatlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.
Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde netijeli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygyna mynasybetli we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarýylynyň jemine bagyşlanyp ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2023-nji ýylyň 12-13-nji dekabrynda sportuň karatedo görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Annadurdyýew Bäşimmyrat 67 kg agramda üstünlikli çykyşedip, I orna mynasyp boldy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň Nebit senagat fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Begjanow Hemra hem sportuň karatedo görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda 84 kg agramda üstünlikli çykyş edip, II orna mynasyp boldy.
Bu üstünlikler ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýanedýär.