TÄZELIKLER

img

Talyplaryň sport üstünlikleri

19 Dekabr 2023

    Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe  türkmen  sportunyň  taryhyna  täze  sahypalar ýazylýar. Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamly, dünýä  derejesindäki  ýaryşlary  üstünlikli  geçirmäge  ukyply  ýurt  hökmünde  tanalýar.

     2023-nji ýylyň 17-19-njy  dekabry  aralygynda  sportuň erkin  göreş görnüşiboýunça Türkmenistanyň  çempionaty  geçirildi.

         Ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gazuniwersitetiniň  Energetika  we  inženerçilik  desgalary  fakultetiniň  1-nji ýyl  talyby  Hojalyýew Orazmuhammet  sportuň  erkin  göreş  görnüşinden  92  kgagramda II orny,  Geologiýa fakultetiniň  1-nji  ýyl talyby  Ataýew  Parahat  79  kg agramda  I orny eýelemegi başardylar.

     2023-nji  ýylyň  17-19-njy  dekabrynda  Türkmenistanyň  ýokary  okuw  mekdepleriniň  arasynda  geçirilen “Türkmenistan – ruhubelentligiň  we  sagdynlygyň  ýurdy” atly XIII  Uniwersiadada  sportuň  dzýu-do görnüşinden  Geologiýa  fakultetiniň  1-nji ýyl  talyby  Ramazanow  Mekan  60 kg agramda  II orna, şol  fakultetiň 1-njiýyl  talyby Agamämmedow  Ali  60 kg  agramda  III orna, Nebit  we gaz  fakultetiniň  4-nji ýyl  talyby Kemalow Ylham 90 kg agramda  çykyş  edip, I orna  mynasyp  boldular.

     2023-nji  ýylyň  18-19-njy  dekabrynda  Türkmenistanyň  açyk  kubogyny  almak  ugrunda  sportuň  suwda  ýüzmek  görnüşi  boýunça  geçirilen  ýaryşda 50  metr  erkin  usulda,100 metr  batelflaý  usulynda,  4 x 100   estafeta  boýunça  Geologiýa  fakultetiniň  1-nji  ýyl  talyby  Žalaýew  Musa  üstünlikli  çykyş  edip, I  orna  mynasyp  boldy.

     2023-nji  ýylyň  15-20-nji  dekabry aralygynda Türkmenistanyň  kubogyny almakugrunda  sportuň  futzal  görnüşi  boýunça  geçirilen  ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit  we  gaz  uniwersitetiniň  “Gara altyn” futza l topary  üstünlikli  çykyş  edip, I orna mynasyp  boldy.

    Türgenlerimiziň  üstünlikli  çykyşlary sporty söýüjilerde guwanç, buýsanç duýgularyny döredýär.

    Bu  üstünlikler  ýurdymyzda  sportuň  täze  belentliklere  çykmagy üçin öňde goýlan  wezipeleriň  üstünlikli  durmuşa  geçirilýändigini aýdyň beýan  edýär.