TÄZELIKLER

img

“Nebitçi” woleýbol ýygyndy toparynyň üstünligi

24 Dekabr 2023

    Hormatly  Gahryman  Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz  sporty  ösdürmäge, ýaşlaryň  sportuň  dürli  görnüşleri  bilen meşgullanmaklaryna  uly  ähmiýet berýär  we  şonuň  netijesinde  ýurdumyzda  dünýä  ülňülerine  laýyk  gelýän  sport  desgalary gurlupulanylmaga  berilýär. Bu sport  desgalarynda  türgenleşikler  we  dürli ýaryşlar yzygiderli  geçirilýär.

    “Arkadag  Serdarly  bagtyýar  ýaşlar  ýyly” diýlip  yglan  edilen  2023-nji  ýylyň 18-24-nji  dekabry  aralygynda  Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit  we gaz  uniwersitetiniň  Sport  toplumynda  Türkmenistanyň  milli  woleýbol  federasiýasynyň  göçme  kubogyny  almak  ugrunda  ýaryş  geçirildi.

    Ýaryşda  Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit  we gaz  uniwersitetiniň  “Nebitçi”  woleýbol  ýygyndy  topary üstünlikli  çykyş  edip, baýrakly  I orna  hem-de  Türkmenistanyň  milli  woleýbol  federasiýasynyň  göçme  kubogyna  mynasyp  boldy.