TÄZELIKLER

img

Birinji orny eýeledi

21 Ýanwar 2024

    Ýurdumyzda  sportuň ösen ulgamyny döretmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri  terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň  sport  abraýyny  belende göterjek  türgenleri  ýüze  çykarmak  maksady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionatlary  geçirilýär.

    Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  döredýän  giň  mümkinçiliklerinden  ruhlanýan  ýaşlarymyz  halkara  ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly  orunlara  mynasyp  bolýarlar. 

    “Pähim-paýhas  ummany   Magtymguly  Pyragy”  ýyly  diýlip  yglan  edilen  2024-nji  ýylyň  21-nji  ýanwarynda  Aşgabat şäherinde  sportuň  ýeňil  atletika  görnüşi  boýunça  Türkmenistanyň  gyşky  çempionaty  geçirildi. Türkmenistanyň  gyşky çempionatynda  Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit we  gaz  uniwersitetiniň  Geologiýa  fakultetiniň  2-nji  ýyl talyby  Pena  Babanyýazow  sportuň  ýeňil  atletika  görnüşi  boýunça  800  metr  aralyga  ylgamakda  üstünlikli  çykyş  edip, baýrakly  birinji orny  eýelemegi  başardy.