TÄZELIKLER

img

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda Hatyra güni mynasybetli uniwersitetiň talyp ýaşlary we mugallymlary bilen 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýine sapara gidildi.

03 Oktýabr 2024

    Muzeýde talyp ýaşlara 1881-nji ýylyň Gökdepe söweşi, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwri Watan üçin wepat bolan gaýduwsyz gahrymanlary barada gürrüň berildi. Ol ýerde sowuk we ot açýan ýaraglaryň, eşikleriň toplumy, harby esbaplar şeýle hem, 1948-nji ýyldaky pajygaly ýer titremesiniň görnüşi suratlarda görkezildi. “Watan mukaddesligi” muzeýdäki sesli multimediýa enjamlar bilen üpjün edilmegi talyp ýaşlarda täsirli pursatlary döretdi. Talyp ýaşlar taryhy wakalar bilen, türkmen halkynyň geçmişi bilen has çuňňur tanyş boldular.

img