
Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri we paýhas esaslary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň 9-njy ýanwarynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde “Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri we paýhas esaslary” atly söhbetdeşligi taýýarlap, teletomaşaçylara hödürledi.
Bu gepleşigi uniwersitetiň professory Nurýagdy Suwhanow alyp bardy. Uniwersitetiň mugallymlary Baýgeldiýew Amangeldi, Sona Yslamowa, Jemal Sapargulyýewa dagylar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň ähmiýeti, hemişelik Bitaraplygyň taryhy kökleri, paýhas esaslary, onuň beýik ösüşleri gazanmakdaky möhüm orny, parahatçylygyň, ynanyşmagyň häzirki zaman dünýäsinde Ýer ýüzüniň halklary üçin barha artýan gymmaty barada täsirli söhbet etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň elmydama rowaç balmagyny arzuw etdiler. Gadam basylan 2025-nji ýylyň şygaryndan ruhlanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, şanly ýylda döredijilikli we netijeli zähmet çekmelidiris diýip, çykyş edenler aýtdylar.
Sapargulyýewa Jemal
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy