Giňişleýin

img
21 September 2024

BILDIRIŞ

    Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda “Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirýär.

   Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny, aspirantlaryny, talyplaryny, şeýle hem ylmy edaralaryň, kompaniýalaryň hünärmenlerini ylmy-amaly maslahata işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.

   Halkara ylmy-amaly maslahata her ýokary okuw mekdebinden 1 sany professor mugallym we 1 sany talyp, şeýle hem ylmy edaralardan, önümçilik kärhanalaryndan we kompaniýalardan 1 sany wekil gatnaşyp bilýär.

   Halkara ylmy-amaly maslahatyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis.

   Ylmy çykyşlaryň materiallaryny elektron tezisler ýygyndysy görnüşde çap etmek meýilleşdirilýär we tezisleri Düzgünnamanyň “Elektron tezisler ýygyndysyna bildirilýän talaplaryna” laýyklykda taýýarlamaly. Maslahatda çykyş etjek wekiller barada maglumatlary Düzgünnamanyň goşundysyna laýyklykda taýýarlamaly we tezisler bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 20-nji oktýabryna çenli hngu.ylmymaslahat@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.

Habarlaşmak üçin:

Tel.: +993 12 39 13 03, +993 12 39 13 36, +993 12 39 14 47, +993 65 87 80 16, +993 65 88 54 45, +993 65 67 51 31

Guramaçylyk topary