Giňişleýin

img
28 October 2025

Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararybilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň2023-2030-njy  ýyllar üçinStrategiýasynda”, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalardakesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasyna”we “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda “Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň we daşaryýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny, ylmy işgärlerini, magistrlerini, aspirantlaryny, talyplaryny, şeýle hem kompaniýalaryň hünärmenlerini ylmy-amaly maslahata işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.

Resmi iş dilleri: türkmen, rus we iňlis dilleri.

Gatnaşmagyň görnüşi: şahsy we uzak aralykdan.

Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin, Goşundyda görkezilen çykyş edijileriň hasaba alyş görnüşini taýýarlamaly we çykyşyň teksti hem-de tanyşdyrylyşy bilenbilelikde 2025-nji ýylyň 15-nji noýabryna iogu.digitalscience@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.

Habarlaşmaküçin:

Tel.: +993 12 39 13 03, +993 1239 13 36, +993 12 39 14 47, +993 65 87 80 16, +993 65 88 54 45, +993 65 67 5131

Guramaçylyk topary

Goşundy