Elektrik üpjünçiligi we awtomatika kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň Elektrik üpjünçiligi we awtomatika kafedrasynda “Elektrik üpjünçiligi”, “Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektro hereketlendirilişi hem-de awtomatikasy” hünärleri boýunça ýokary bilimli hünärmenler, “Elektroenergetika we elektrotehnika” taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar taýýarlanylýar.
Elektrik üpjünçiligi we awtomatika kafedrasy ýurdumyzyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de dolandyryş müdirlikleri we edara-kärhanalary, ýangyç-energetika pudagy üçin ýokary hünärli inženerleri we bakalawrlary goýberýär.
Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:
- Elektrotehnikanyň nazary esaslary tejribehanasy;
- Senagat elektronikasy tejribehanasy;
- Elektrotehniki materiallar tejribehanasy;
- Elektrotehnika we elektronikanyň esaslary tejribehanasy;
- Elektrik üpjünçiligi tejribehanasy;
- Elektrik maşynlary tejribehanasy;
- Rele goragy we awtomatika tejribehanasy;
- Elektrik stansiýalar we podstansiýalar tejribehanasy;
- Elektrik setleri we ulgamlary tejribehanasy;
- Mikroelektronika we ýarym geçiriji enjamlar tejribehanasy;
- Awtomatlaşdyrylan ulgamlary taslamak tejribehanasy;
- Mikroelektronika we mikroprosessorlar tejribehanasy;
- Tehnologik prosesleri awtomatlaşdyrmak tejribehanasy;
- Mikroshemotehnika tejribehanasy;
- Mikroelektronikanyň tehnologiýasy tejribehanasy;
- Awtomatlaşdyrylan elektrik hereketlendiriji we tehniki ölçegler tejribehanasy;
- Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde Elektriküpjünçiligi we awtomatika binýatlyk kafedrasy.