Umumy  himiýa  kafedrasy  2012-nji  ýylda  döredildi.  Kafedra  Himiýa  tehnologiýasy  we ekologiýa fakultetiniň  düzüm  bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň  gurluş  bölümleriniň  biridir.

      Kafedranyň  esasy  wezipesi  okuw-terbiýeçilik,   ylmy-barlag   işlerini   döwrüň   talabyna   laýyklykda   guramak  we   ýola  goýmak bolup   durýar.

      Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetiniň  Himiýa  tehnologiýasy  we  ekologiýa  fakultetiniň  Umumy himiýa  kafedrasynda  Türkmenistanyň  Nebitgaz   toplumynyň “Türkmengaz”  döwlet  konserni, “Türkmennebit”  döwlet  konserni,“Türkmenhimiýa”  döwlet   konserni   hem-de  dolandyryş  müdirlikleri  we  edara-kärhanalary   üçin  ýokary   bilimli    hünärmenler taýýarlanylýar.

       Umumy  himiýa  kafedrasynyň  professor-mugallymlary   uniwersitetiň   ähli   fakultetleriniň   talyplaryna   umumy   himiýa  derslerinden   umumy,  amaly we  tejribe  okuw sapaklar y boýunça   bilim   berýärler.

      Umumy  himiýa  kafedrasynda  yzygiderli  okuw-usuly  we  ylmy  seminarlar  geçirilýär.  Kafedranyň   professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylyk  etmeklerinde  zehinli  talyp  ýaşlar  Türkmenistanyň   ýokary  okuw  mekdepleriniň   talyplarynyň   arasynda  dersler  boýunça geçirilýän  bäsleşiklere,  şeýle hem  döwlet  we  halkara  derejesinde  geçirilýän  halkara  açyk  internet  olimpiadalaryna  işjeň  gatnaşyp,baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

      Kafedra şu   aşakdakylar degişlidir:

   - CE-01 Organiki himiýa tejribehanasy;

   - CE-02 Umumy himiýa  tejribehanasy;

   - CE-03 Umumy himiýa tejribehanasy;

   - CE-04 Umumy we organiki däl himiýa tejribehanasy;

   - CE-05 Umumy himiýa tejribehanasy;

   - CE-06 Analitiki himiýa tejribehanasy;

   - CE-07 Analitiki  himiýa  we  analiziň  fiziki-himiki  usullary tejribehanasy;

   - CE-08 Fiziki  himiýa  tejribehanasy.

img