img

     Ýagşygeldi  Kakaýew   adyndaky   Halkara   nebit  we  gaz  uniwersitetiniň  Sanly  tehnologiýalar  we  kiberhowpsuzlyk  fakulteti  2021-nji ýylda  döredildi.

     Fakultetde  Informatika  we  maglumat  tehnologiýalary, Kiberhowpsuzlyk, Häzirki  zaman  kompýuter tehnologiýalary kafedralary hereket edýär. Fakultetde  “Maglumatlary  işläp  taýýarlamagyň  we  dolandyrmagyň  awtomatlaşdyrylan  ulgamlary” hünäri  boýunça inžener-sistemotehnikler, “Maglumat  tehnologiýalarynyň  programma  üpjünçiligi” hünäri  boýunça  inžener-programmistler, “Maglumatulgamlary  we  tehnologiýalary (nebitgaz  pudagynda)”,“Kompýuter ulgamynyň  programma  üpjünçiligi”, “Maglumat howpsuzlygy”  we “Programma  inženerligi” taýýarlyk  ugurlary boýunça  bakalawrlar  goýberilýär   

    Olar okuwy tamamlanlaryndan  soňra Türkmenistanyň  Nebitgaz  toplumynyň  “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet  konsernlerinde,“Türkmengeologiýa” döwlet  korporasiýasynda  hem-de “Türkmenhimiýa”  döwlet  konserninde,  maliýe-ykdysady ulgamynda, ylmy-barlag institutlarynda, degişli  pudaklaýyn  dolandyryş  edaralarynda  zähmet  çekýärler.

     Fakultetde  ylmyň  ileri  tutulýan  ugurlary  boýunça  ylmy-barlag   işleri   ýerine   ýetirilýär. Türkmenistanda  Sanly  bilim  ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy  we ony durmuşa  geçirmegiň  Meýilnamasy  hem-de Türkmenistanda  Sanly  ykdysadyýeti   ösdürmegiň   2021-2025-nji  ýyllar  üçin  Döwlet  maksatnamasy  boýunça  ýerine  ýetirilmeli  çäreleriň  Meýilnamasyndan  gelip  çykýan  wezipelerden fakultetiň   kafedralarynda “Maglumat  howpsuzlygy  babatynda  bar bolan kompýuter  programma  üpjünçilikleriniň  işlerini  döwrebaplaşdyrmak”, “Kompýuterde  maglumatlary  goramak  bilen  bagly  dürli  algoritmleri  seljermek, taýýarlamak”, “Mugallymlaryň  we  talyplaryň  işjeňligini  hasaba   almak  usulyny  awtomatlaşdyrmaga  mümkinçilik   berýän  programma  üpjünçiligini  döretmek  we ornaşdyrmak”  temalary  boýunça ylmy-barlag  işleri alnyp  barylýar.

      Türkmenistanyň  Prezidentiniň  Karary  bilen tassyklanan “Türkmenistanyň  kiberhowpsuzlygyny  üpjün  etmegiň  2022–2025-nji  ýyllar üçin  Döwlet  maksatnamasyna”  laýyklykda,  fakultetde  Kiberhowpsuzlygy  üpjün  etmek  boýunça  programma  üpjünçilikleri  döretmek boýunça  mugallymlaryň, hünärmenleriň  we  talyplaryň  ylmy  topary  hereket  edýär. Bu  ylmy  toparyň  agzalary  tarapyndan  sanly tehnologiýalar  we kiberhowpsuzlyk  ugurlary   boýunça  yzygiderli  programma   üpjünçilikleri   döredilýär. Esasan  hem maglumat  we aragatnaşyk,  sanly  tehnologiýalarda  kiberhowpsuzlygy  we  maglumat  howpsuzlygyny  üpjün  edip bilýän, dürli  kiberhüjümleriň  öňüni almak  üçin çäreleri  geçirip  bolýan, howplaryň  garşysyna  programma  üpjünçilikleri  işlenip  düzülýär hem-de “Kiberhowpsuzlyk” ugruny ösdürmekligiň mümkinçilikleri  çuňňur  öwrenilýär.

     Ylmy  toparyň  meýilnamasyna  laýyklykda  iri  halkara  guramalary, daşary ýurt  kompaniýalary bilen  sanly  ulgam  arkaly seminarlar, duşuşyklar  we maslahatlar  geçirilýär, döredilen programma  üpjünçilikleri  üçin  Intellektual  eýeçilik   boýunça Döwlet  gullugy  tarapyndan patentler  alynýar. Häzirki  wagta  çenli  47 sany patent  bellenilen  tertipde  resmileşdirilip  alyndy. Bu  programmalar uniwersitetiň  içinde  hem-de  beýleki  ýokary  okuw mekdeplerinde  giňden  peýdalanylýar. Uniwersitet  hojalyk  hasaplaşygyna  geçenden  soň,  işlenip  düzülen  we  patentlenen  programma  üpjünçilikleri  şertnamalaýyn  esasda  beýleki  edara-kärhanalarda  ornaşdyrylýar.

     Sanly tehnologiýalar  we  kiberhowpsuzlyk  fakultetiniň  okuw binasynyň  okuw  otaglary  häzirki  zaman  enjamlary  bilen  enjamlaşdyrylan.Fakultetde  diplom  we  ýyllyk  taslamalary  ýerine  ýetirmek üçin aýratyn  otaglar, lingafon we  22  sany  okuw  we  ylmy-barlag  işlerini  alyp  barmaga  niýetlenilen  kompýuter  otaglary  bar. Kompýuter  otaglarynyň  biri  Apple kompaniýasynyň  IMAC  kompýuter  tehnikasy  bilen enjamlaşdyrylan.

     Kompýuter  otaglarynda  kompýuter  tejribehana  tehnologiýalarynyň  programmirleme, bezeg  we grafika, awtomatlaşdyryş, administrirleme  ýaly  ugurlaryna  degişli  sapaklar  geçirilýär. Kompýuterlerde Adobe Photoshop,   Corel  Draw, AutoCad, Embarcadero Delphi, Visual C,  Adobe  Flash, Microsoft SQI  Server  ýaly  programma  üpjünçilikleri  gurnalan. Bu  programmalaryň  kömegi  bilen dürli  programmalar, maglumaty goramak we  kiberhowpsuzlygy  üpjün etmek  boýunça  programmalaýyn  toplumlar,  web-saýtlar  we elektron  resminamalar  dolanyşygynyň  programmasy we  ş.m. döredilýär.

     Sanly  tehnologiýalar  we  kiberhowpsuzlyk  fakultetinde  Gahryman  Arkadagymyzyň  eserlerini,  Hormatly Prezidentimiziň  içeri  we daşary  syýasatyny,  ýurdumyzda  sanly  tehnologiýalary  ornaşdyrmak  boýunça  alnyp  barylýan  işleri  wagyz  edýän,  okuwa  gözegçilik  etmek, multimedia  arkaly  öwretmek, maglumatlary goramak, enjamlary dolandyrmak  ugrunda  programmalaýyn  we  tehniki  serişdeleri döredýän  gurnaklar  hereket edýär.

     Fakultetiň  professor-mugallymlarynyň  we talyp  ýaşlarynyň alyp  barýan ylmy-barlag  işleriniň  netijeleri  tezisler  we  makalalar görnüşinde  ýerli  hem-de  daşary  ýurt žurnallarynda  çap edilýär.

      Şeýle hem, fakultetiň  professor-mugallymlary  we  talyp  ýaşlary halkara  we  döwlet  derejesinde geçirilýän  çarelere  işjeň  gatnaşýarlar.