TÄZELIKLER

img

Iş maslahaty

13 Aprel 2023

     2023-nji  ýylyň  13-nji  aprelinde  Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetinde  Hytaý  Halk  Respublikasynyň  Bilim  ministrliginiň  goldawy  bilen  Hytaýyň  Týanzin  bilim  edarasy tarapyndan  esaslandyrylan  we  häzirki  wagtda  birnäçe  ýurtlarda  hereket  edýän  Lu Ban  ussahanasyny  uniwersitetde  döretmek  bilen  bagly  meseleleri  ara  alyp  maslahatlaşmak boýunça iş maslahaty geçirildi.

     Iş  maslahatyna  Ýagşygeldi  Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary, Hytaýyň  Milli  nebitgaz korporasiýasynyň  “Internasional Ltd”  Türkmenistandaky  şahamçasynyň wekilleri, şeýle hem wideo aragatnaşyk arkaly Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

     Iş maslahatynyň mejlisini Hytaýyň Milli nebit gaz korporasiýasynyň wekili alyp bardy. Maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasyny açmaklygyň anyk wezipeleri, ussahananyň  häzirki zaman tejribehana enjamlary  üçin talabalaýyk okuw binasy, geçiriljek  okuw-tejribe sapaklarynyň  hünär  ugurlary, okuw meýilnamalary we maksatnamalary, okuw dersleri, okuw-tejribe  enjamlary we mugallymlar bilen üpjünçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

     Maslahatda  Ýagşygeldi Kakaýew  adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory çykyş edip, Hormatly Prezidentimiziň  tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny  yzygiderli kämilleşdirmek  we ýaş nesillere  döwrebap bilim-terbiýe  bermek, olary  ylma  we  döredijilige  ugrukmak boýunça ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny  nygtady hem-de uniwersitetiň fakultetleri, taýýarlyk ugurlary,  hereket edýän  merkezleriň alyp barýan işleri, ýetilen sepgitler bilen ýakyndan tanyşdyrdy. Şeýle hem, uniwersitetde döredilmegi meýilleşdirilýän  Lu Ban ussahanasy üçin teklip edilýän binalaryň görnüşleri we wideo  şekilleri bilen tanyşdyrdy. Maslahata  gatnaşan wekilleriň  arasynda ussahana üçin teklip edilýän binalar we olarda taýýarlanyljak  hünärler boýunça sorag-jogap alşyldy, netijede olar boýunça anyk çözgütler  kabul edildi. Ýagşygeldi Kakaýew  adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň  rektory tarapyndan we Hytaýyň  Milli nebitgaz korporasiýasy tarapyndan  Lu Ban  ussahanasy boýunça iki  taraplaýyn iş toparyny döretmeklik we özara düşünişmek  hakynda Ähtnama baglaşmaklyk teklip edildi we taraplar ony golladylar.

     Hytaý Halk  Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory Ýagşygeldi  Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döredilmegi meýilleşdirilýän  Lu Ban ussahanasynda  “Nebit inženerligi”, “Nebitgazy saklamak we daşamak”, “Geologiýa”, “Täze energiýalar ylmy we inženerligi”  bakalawr taýýarlyk ugurlary hem-de  “Nebitgaz inženerligi”, “Geologiýa”, “Geologik serişdeleriň  inženerligi” magistr  taýýarlyk ugurlary boýunça hünärmenleri  taýýarlamaklygy teklip etdi. Hebeý  nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň wekili açyljak Lu Ban ussahanasynda “Nebit  tehnologiýasy” we “Uly maglumatlar tehnologiýasy” bakalawr taýýarlyk ugurlaryny   açmaklygy teklip etdi.

     Şeýle hem, Ýagşygeldi  Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Lu Ban  ussahanasynda “Maglumat howpsuzlygy” bakalawr taýýarlyk ugruny, “Senagat  desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektro  hereketlendirilişi hem-de awtomatikasy” we “Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy” hünärler   boýunça hünärmen taýýarlygyny hem-de “Nebitgaz işi” magistr taýýarlyk ugruny  açmaklygy teklip etdi.

    Iş maslahatynyň  netijesinde aşakdaky çözgütler kabul edildi:

     1. Ýagşygeldi Kakaýew  adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasyny döretmek boýunça iki  taraplaýyn iş toparyny döretmek;

     2.  2023-nji ýylda Lu Ban  ussahanasyny döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşmak;

     3.  Lu Ban ussahanasyny  döretmek bilen bagly ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekillerini  Hytaý Halk Respublikasynyň  Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetine hem-de Sian  nebit uniwersitetine iş saparyna ugratmak;

     4. Lu Ban ussahanasyny  döretmek boýunça degişli işleri alyp barmak üçin Hytaýyň Milli nebitgaz  korporasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň Hebeý nebit hünär-tehniki  uniwersitetiniň hem-de Sian nebit uniwersitetiniň  wekillerini Ýagşygeldi  Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine iş saparyna çagyrmak.