TÄZELIKLER

img

I Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny

19 Aprel 2023

   Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna laýyklykda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen,Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2023-nji ýylyň 19-njy aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda I Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny geçirdi.

   Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen I Halkara açyk informatika internet olimpiadasy Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini we ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalardan ynamly baş çykarýandyklaryny görkezýär.

   Halkara olimpiada ýurdumyzyň 23 ýokary okuw mekdeplerinden jemi 181 sany talyp sanly ulgam arkaly işjeň gatnaşdylar.

   Olimpiada onlaýn görnüşinde daşary ýurtlardan, ýagny Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Wengriýa Respublikasyndan, Awstriýa Respublikasyndan, Koreýa Respublikasyndan, Rumyniýadan, Malaýziýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Tatarystan Respublikasyndan, Başgyrdystan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan,Täjigistan Respublikasyndan jemi 270 sany talyp gatnaşdy.

   Uniwersitetiň maglumat tehnologiýa merkezinde olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi we uniwersitetiň okuw işleri boýunça prorektory çykyş edip, I Halkara açyk informatika internet olimpiadasyna gatnaşýan talyplary gutlady we uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi. Açylyş dabarasyna professor-mugallymlar, talyplar bilen bir hatarda sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we olaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

   Olimpiadada Hytaýyň (Pekin) nebit uniwersitetiniň, Belarus Respublikasynyň Gomeliň Fransisk Skorina adyndaky döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Russiýa Federasiýasynyň Almetýew döwlet nebit institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary aýratyn tapawutlanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

   Olimpiada 18 döwletden 54 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 450-den gowrak talyplar işjeň gatnaşdylar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan ýörite işlenilip düzülen milli programma üpjünçiliginiň kömegi arkaly toplanan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy we toparlaýyn ýeňijileri kesgitlenildi.Ýeňiji diýlip yglan edilen talyplar we toparlaýyn bäsleşigiň ýeňijileri uniwersitetiň rektory tarapyndan 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.

Olimpiada işjeň gatnaşan talyplaryň netijeleri.