TÄZELIKLER

img

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti UI Green Metric World University Rankings - 2023 meşhur halkara reýting gullugy agentligi tarapyndan geçirilýän Bütindünýä reýtinginde

07 Dekabr 2023

      2010-njy ýylda Indoneziýa uniwersiteti tarapyndan döredilen reýting gullugy UI Green Metric World University  Rankings  dünýädäki uniwersitetleri alty görkeziji  boýunça ýerleşdirýär:

      - amatly uniwersitet  infrastrukturasy;

      - uniwersitetiň çäginde energiýa  netijeliligi we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak;

      - uniwersitetiň çägindäki  galyndylary gaýtadan işlemek we suw tygşytlamak maksatnamalary;

      - uniwersitetiň çäginde  kömürturşy gazynyň we zyýanly bölejikleriň zyňyndylaryny azaldýan amatly ulag  ugurlary,

      - uniwersitetiň okuw maksatnamalarynda  daşky gurşawy goramak boýunça bilim.

      Bu reýtingiň maksady  dünýädäki uniwersitetlerde ýaşyl (abadanlaşdyrylan) uniwersitet şäherçesi we durnuklylygy bilen baglanyşykly häzirki  ýagdaýa we syýasata baha bermek we  edaranyň daşky gurşawyň arassalygy hem-de durnuklylygy  boýunça strategiýalary we maksatnamalary  durmuşa geçirmek üçin edýän tagallalaryny görkezmekdir.

      Umuman, reýtingde daşky gurşawy goramak, ykdysady we sosial ýaly üç bölegi öz içine alýan ekologiýa durnuklylygy konsepsiýasy ulanylýar.

      Ekologiýa aspekty tebigy baýlyklary ulanmagy, daşky  gurşawa täsir etmegi we onuň hapalanmagynyň öňüni almagy öz içine alýar,  ykdysady  bähbidi  bolsa çykdajylary azaltmak we girdeji gazanmak bolup durýar. Sosial  nukdaýnazardan bilim, bileleşigi we goşulyşmagy öz içine alýar.

      Uniwersitetiň  işine alty görkeziji esasynda baha  berilýär: daşky gurşaw we infrastruktura, energiýa we howanyň üýtgemegi, galyndylar, suw, ulag, bilim we barlaglar. Reýtinge gatnaşmak üçin uniwersitetler diňe bir özi barada san maglumatyny görkezmän, eýsem bu maglumatlary kadalaşdyryjy resminamalara, görkezmeleriň nusgalaryna, metbugat  habarlaryna, suratlara we ş.m. salgylanmak bilen tassyklamaly.

      Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara  nebit we gaz  uniwersiteti  (HNGU) ilkinji  gezek  2023-nji ýylda “Green Metric” halkara reýting agentliginiň reýtingine gatnaşdy we 1183 uniwersitetiň arasynda jemi 6015 bal gazanyp, 579-njy orny eýeledi.

      Uniwersitetiň “Green Metric” halkara reýting agentliginiň  reýtingindäki görkezijileri tablisada görkezilýär.

HNGU2023
Reýtingdeýeri597
Infrastruktura955
Energiýanyň netijeliligi1010
Galyndylar825
Suw650
Ulag1500
Bilim1075
Jemi6015

      Reýtinge gatnaşýan ýurtlaryň geografiýasy ýylsaýyn giňelýär we gatnaşýan uniwersitetleriň  sany köpelýär.

      Şeýlelik bilen, 2018-nji  ýylda 81 ýurtdan 719 uniwersitet, 2019-njy ýylda 81 ýurtdan 779 uniwersitet,  2020-nji ýylda 83 ýurtdan 912 uniwersitet  we 2021-nji ýylda 80 ýurtdan 956  uniwersitet (ilkinji gezek Türkmenistandan 1 uniwersitet) reýtingiň sanawyna  girizildi. 2022-nji ýylda 1050 uniwersitet reýtinge goşuldy (şol sanda  Türkmenistandan 3-si). 2023-nji ýylda 1183 uniwersitet (şol sanda Türkmenistandan 8-si)  2022-nji ýyldakydan 133 köp uniwersitet reýtinge gatnaşdy.