TÄZELIKLER

img

Ýeňişlere ruhlandyrýan ýaryşlar

10 Dekabr 2023

    Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe  türkmen  sportunyň  taryhyna  täze  sahypalar  ýazylýar. Türkmenistan häzirki  wagtda  ösen  sport  ulgamly, dünýä  derejesindäki  ýaryşlary  üstünlikli  geçirmäge  ukyply ýurt  hökmünde  tanalýar.

     “Arkadag  Serdarly  bagtyýar  ýaşlar  ýyly” diýlip  yglan  edilen  2023-nji  ýylyň  10-12-nji  dekabry  aralygynda  Aşgabat  şäherinde Türkmenistanyň  kubogyny  almak  ugrunda  sportuň  kikboksing   görnüşi  boýunça  geçirilen  ýaryşda  Ýagşygeldi  Kakaýew   adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar wekiberhowpsuzlyk  fakultetiniň 3-nji ýyltalyby Rahmanow Aýmyrat 63,5 kg agramda üstünlikli çykyş edip, I ornamynasyp boldy.

    Bu  üstünlik  ýurdymyzda  sportuň  täze  belentliklere  çykmagy  üçin  öňde  goýlan  wezipeleriň  üstünlikli  durmuşa  geçirilýändigini aýdyň  görkezýär.

     Türgenlerimiziň  üstünlikli  çykyşlary  sporty  söýüjilerde  guwanç, buýsanç  duýgularyny  döredýär.