TÄZELIKLER

img

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

19 Awgust 2024

    Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, uniwersitetde daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetleri, halkara guramalary we kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda giňden hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan uniwersitetiň talyplary we ýaş mugallymlary üçin nebitgaz senagatynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar boýunça okuwlar yzygiderli guralýar.

img

    Daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda uniwersitetiň talyplary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň önümçilik desgalarynda tomusky önümçilik tejribeligini geçdiler.

    Baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde uniwersitetiň 5 sany talyby 2024-nji ýylyň 19-30-njy awgusty aralygynda 2 hepdelik önümçilik tejribeligini hem-de 3 sany mugallymy 2024-nji ýylyň 19-23-nji awgusty aralygynda 1 hepdelik hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetinde geçýärler.

    Uniwersitetiň mugallymlary Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetiniň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen duşuşdylar. Şeýle hem, mugallymlar bu ýokary okuw mekdebinde okuw-usulyýet işleriniň gurnalyşy, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň düzülişi, ýerine ýetirilişi, ylmy-barlag işleriň alnyp barlyşy, ylmy-barlag işleri geçirilýän tejribehanalar we talyplaryň ylmy-barlag işlerine çekilişi hem-de sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy bilen giňden tanyşýarlar.