TÄZELIKLER

img

Türkmenistanda TIF-2024 maýa goýum forumy öz işine başlady

10 Sentýabr 2024

10 Sentýabr 2024

Şu gün paýtagtymyzdaky "Ýyldyz" myhmanhasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady.

Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary hili tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça geçirilýän Halkara forumyň we serginiň gurnaýjylary Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Söwda-senagat edarasy bolup durýarlar.

Halkara çäresiniň resmi açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Forumyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt diplomatik wekilleri we Türkmensiatnda akkreditlenen halakara guramalarynyň ýolbaşçylary, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleri, energetika kompaniýalarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we teleradio kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar.

Bu çäre başga-da Gazakystandaky Bütindünýa bankynyň, Ykdysady gatnaşyk we ösüş guramasynyň Ýewraziýa we BMG-nyň bölümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Formanyň maksady – daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, esasnam Hazar deňziniň uglewodorod baýlyklaryna we iň uly bolan “ Galkynyş” gaz ýatagyna, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Päkistan- Hindistan turbageçirjisi ýaly iri taslamalary, gazhimiýa pudagyndaky başlangyçlary, elektroenergiýanyň öndürilişini, gurluşygy, dokma önümlerini, ulag ulgamyny, akylly oba hojalygynyň ösüşini we suw çeşmelerinden netijeli peýdalanmagy görkezmekden ybarat boldy.

Türkmen telekeçileri üçin bu forum giň mümkinçilikleri açýar: daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, netijeli hyzmatdaşlyk gurmak, önümleri we hyzmatlary eksport etmek, şeýle hem öňdebaryjy tejiribäni öwrenmek.

Forumyň çäginde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň milli kompaniýalarynyň we ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar guralar. Forumyň myhmanlary üçin interaktiw sergi hem guralar.