TÄZELIKLER

img

TALYPLAR SPORTUNYŇ HALKARA GÜNI

23 Sentýabr 2024

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek asylly ýörälgä öwrüldi. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak hem-de olaryň iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Sport köpçülikleýin bedenterbiýe, sagdyn-durmuş ýörelgeleri häzirki döwürde tutuş jemgyýetimizi gurşap alyp, jemgyýetiň ýaşaýş-durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerime eýe bolýar.

   “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 2024-nji ýylyň 13-23-nji sentýabry aralygynda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Milli Talyplar sport federasiýasy bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramy we Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň ýurdy bolan Watanymyzda talyplar sporty ösüş ýolunda” atly ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” woleýbol topary hem-de “Nebitçi” futzal topary üstünlikli çykyş edip, sportyň bu ugurlary boýunça I orna mynasyp boldular.

img

   Ady agzalan ýaryşyň netijeleri boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti toparlaýyn hasapda hem I orna mynasyp boldy.

Bu üstünlikler ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.

Ýaşlaryň sportda täze belentliklere ýetmegi, gazanýan üstünlikleri bilen ata Watanymyzyň abraýyna abraý goşmagy babatda edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşşallyk bildirýäris.