TÄZELIKLER

img

Aşgabatda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy dabarasy geçirildi

16 Noýabr 2024

     2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda paýtagtymyzda, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Munuň özi gursagy Watanymyzy ösdürmäge mynasyp uly goşant goşmaga hyjuwdan doly ýaşlarymyzyň durmuşynda ajaýyp waka öwrüldi.

     Dabarada çykyş edenler Ministrler Kabinetiniň 15-nji noýabrda geçirilen mejlisinde-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy baradaky meselä ünsi çekendigi nygtaldy.

     Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaş raýatlary hemmetaraplaýyn goldamagyň nusgalyk ulgamy döredildi.

     Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak boýunça bäsleşik yglan etdi.

     “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 506-sy hödürlenildi, olardan 135-si saýlanyp alyndy.

     Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, milli mirasymyza sarpa goýýan watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, dürli pudaklarda üstünlik gazanyp, ýokary döredijilik başarnygyny görkezýän ýaşlarymyz üçin geljekde hem ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy.

     Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek hem-de olary sylaglamak dabarasyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

     Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyndan ugur alnyp, dabara ýokary guramaçylykly geçirildi.

     Ondaky çykyşlarda soňky döwürlerde durmuşa geçirilen düýpli özgertmeleriň ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgerdindigini, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünliklere beslenýän döwlet syýasatynyň, şol sanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyň mähriban Watanymyzyň ykbalyna we geljegine bolan jogäpkärçilige has aýdyňlygy bilen düşünýän ýaşlar tarapyndan doly goldanylýandygy bellenildi.

     Watanymyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerine we ýeten sepgitlerine çäksiz buýsanýan dabara gatnaşyjylar ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňliginiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen çäreleriň möhümdigini bellediler. Olar bu ugurda alyp barýan

img

köp taraply işleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

      Soňra ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

      Bu abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlar gezekli gezegine orta çykdylar. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri bilen, hormatly Prezidentimiziň alyp barylýan içeri we daşary syýasatlary, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezip zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlardyr.

      Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlara Şahadatnamalar we hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Munuň özi Türkmenistanyň ýaşlaryny ýurdumyzyň we halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine egsilmejek güýç, uly joşgun bilen täze zähmet üstünliklerini gazanyp işlemäge ruhlandyrmaga gönükdirilendir.

img