Wodorod energetikasy merkezi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň başlangyçlarynyň kartasyny taýýarlamak barada tegelek stol” geçirildi


   2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda geçirilen bu çärede Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Ylym bölüminiň hünärmeni T. Baýramgeldiýew “Wodorod energetikasynyň gelejegi” diýen temada bilen çykyş etmek bilen, bu ugurda uniwersitetde alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

img

    Ol Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Ýaşyl energetikany” ösdürmek boýunça birnäçe ugurlarda, şol sanda Wodorod energetikasy merkezinde işleriň kabul edilen meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýandygy barada habar berdi.

Çykyşynyň mowzugy boýunça sorag jogaplar alyşyldy.