Wodorod energetikasy merkezi

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit merkeziniň guramagynda “Pariž ylalaşygynyň çäklerinde giňişleýin aýdyňlyk çarçuwasyny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek” atly taslamanyň çäklerinde tegelek stol geçirildi

   Aşgabat şäheriniň «Arçabil» myhmanhanasynda 2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda geçirilen bu çärä Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Wodorod energetikasy merkeziniň direktory B.Welhanow gatnaşdy.

img

      Bu duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak komitetiniň, Eneretika, Gurluşyk we binagärlik, Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Goranmak, Oba hojalyk ministrlikleriniň, Suw hojalygy, Statistika baradaky döwlet komitetleriniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsemleriniň, «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniweisitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.