Wodorod energetikasyny ösdürmek-döwrüň talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ählumumy parahatçylyk syýasaty giňden öňe sürülýär. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk ugrunda işjeň hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasaty giňden goldanylýar. Ýurdumyzda ýaşyl energetikanyň çeşmelerini netijeli ulanmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge we ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegiň ýangyjy hökmünde wodorod şol çeşmeleriň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işleriň güýçlenmegi netijesinde, geljekde energiýa serişdelerine bolan islegiň gurluşynyň üýtgemegine garaşylýar. Ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleler babatda wodorody öndürmek we ony ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek aýratyn möhüm hadysa bolup durýar. Häzirki wagtda global howpsuzlyk meselelerinde esasy howanyň ýylamagynyň, hem parnik gazlarynyň zyňylmagynyň öňüni almak üçin sebitde we dünýäde wodorod energetikasynyň ösdürilmegine uly üns berilýär we bu ugurda birnäçe ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyna» laýyklykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energetikasy merkezi döredildi we onuň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylyp tassyklanan Iş meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeler ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda Wodorod energetikasy boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de okuw-ylmy tejribehanasyny döretmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezleri we kompaniýalary bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylda uniwersitetde Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleri bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň, «Iwatani» we «Kawasaki Heavy Ind.» kompaniýalarynyň, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA), Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň “Imperial College London” ýokary okuw mekdebiniň “Substainable Gas Institute” merkeziniň hünärmenleri bilen bilelikde Wodorod energiýasyny almak we öndürmek bilen baglylykda tejribe alyşmak maksady bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatlary geçirildi.
2023-nji ýylda uniwersitetde açylan Wodorod energetikasy merkezinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň hem-de “Tükmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň wekilleriniň hünär başarjaňlyklaryny artdyrmak boýunça tejribelik işleri guraldy. Şeýle hem, Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny ösdürmek boýunça Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleri bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň arasynda “Ýaşyl transformasiýa boýunça duşuşyk” we “Energetika babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk” hakynda, Hytaý Halk Respublikasynyň “Sinopec” kompaniýasynyň arasynda tejribehana enjamlaryny satyn almak boýunça, BMG-nyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) “Senagat ulgamynda wodorod energiýasynyň orny baradaky global maksatnamasynyň” çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly ulgam arkaly iş maslahatlary geçirildi.
Halkara guramalaryň we ylmy-barlag institutlaryň wekilleriniň hem-de dünýäniň dürli sebitlerinden bilermenleriň gatnaşmagynda, 2023-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri» hem-de «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatlar geçirildi. Bu halkara ylmy-amaly maslahatlarda möhüm energetika meseleleri, täze tehnologiýalar, şeýle hem uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde ekologiýanyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen halkara maslahatlar bu ugurda döwrebap işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda wodorod energetika pudagyny döretmek we ösdürmek maksady bilen, uniwersitetiň Wodorod energetikasy merkezinde elektroliz usuly arkaly suwdan wodorod ýangyjyny almak boýunça birnäçe ylmy-barlag işleri geçirildi we netijede, ýaşyl wodorod energiýasy alyndy, şeýle hem merkeziň hünärmenleri tarapyndan plazmohimiki innowasion usuly ulanyp, tebigy gazdan wodorod ýangyjyny almagyň barlaghana enjamy döredildi. Bu usul bilen alnan wodorod ýangyjy “Agilent Technologies 6890” kysymly gaz hromatografynda analiz edildi we tebigy gazdan wodorodyň hem-de tehniki uglerodyň emele gelýändigi doly subut edildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi we gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň Ýol kartasyndaky bellenilen çäreleri ýerine ýetirmek üçin uniwersitetiň Wodorod energetikasy merkeziniň 2025-2026-njy ýyllar üçin iş Meýilnamasynyň taslamasy işlenilip düzüldi. Meýilnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, uniwersitetde wodorod energetikasy ugry boýunça daşary ýurt tejribelerini öwrenmek we durmuşa geçirmek maksady bilen, toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Bu geçirilen işleriň netijesinde bolsa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleriniň wodorod energetikasy ugry boýunça hünär başarjaňlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, 2026-njy ýylda Sukuba uniwersitetine iş saparlary we teklip edilýän okuw maksatnamalaryna gatnaşmak üçin okuwlara ugratmaklyk işleri meýilleşdirilýär.
Elbetde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek meselesinde Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy babatdaky beýan eden başlangyçlary aýratyn ähmiýetlidir. Milli ykdysadyýetimiziň esasy ornyny eýeleýän ýangyç-energetika pudagynyň öňünde goýulan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, bu pudagyň barha çalt depginler bilen ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň asudalygyny, gülläp ösüşini, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda öňdengörüjilikli pähim-parasatly syýasaty alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Baýram Welhanow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
“Wodorod energetika merkeziniň” direktorynyň w.w.ý.ý.