TÄZELIKLER

img

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ilkinji Zenanlar guramasy tarapyndan Halkara Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi.

06 Dekabr 2023

    2023-nji  ýylyň dekabr aýynyň 6-na Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetiniň  ilkinji Zenanlar  guramasy tarapyndan  Eziz  Diýarymyzyň  Hemişelik  Bitaraplygymyzyň  şanly  28  ýyllygyna  bagyşlanyp “Hemişelik  Bitaraplyk  – bagtyýarlygyň  gözbaşy” atly  maslahaty  geçirildi!

    Türkmen  halkynyň  gadymdan  gelýän  hoşniýetlilik, parahat  söýüjilik, ynsanperwerlik  häsiýetleri  we  däpleri  döwletimiziň  oňyn Bitaraplyga  esaslanýan  daşary  syýasatynyň  özeni  bolup  durýanlygy  şeýlehem  Hemişelik  Bitaraplyk  hukuk  ýörelgesi  ýurdumyza ykdysady  taýdan  gülläp  ösüş  ýoly  bilen  ynamly  gitmäge  mümkinçilik  bermek  bilen  häzirki  we  geljekki  nesilleriň  bagtyýar, abadan durmuşynyň  binýadyna  öwrülendigi  barada  çykyş  edenler  aýdyp geçdiler hem-de  türkmen  halkyny  baky bagtyýarlyga  alyp barýan, ýaş  nesillerimiz  barada,  geljegimiz  barada  uly  işleri  bitirýän  Gahryman  Arkadagymyza  Arkadagly  Gahryman  Serdarymyza  alkyş sözleri  aýtdylar !