Giňişleýin

img
26 May 2026

Bäsleşigiň netijeleri barada bildiriş

    Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Gahryman  Arkadagymyzyň eserlerinde bedew waspy boýunça “Türkmen bedewleriniň halkara derejesindäki şan-şöhraty” atly iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigi 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda geçirildi.

Döredijilik düzme bäsleşiginde ýer alan talyplaryň sanawy:

1-nji ýer:

Aşyrowa Aýbölek - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby

2-nji ýer:

Taganow Sanjar – Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby

Gurbanow Mahmut – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersiteti 1-nji ýyl talyby

3-nji ýer:

Gurbanow Serdar – Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 2-nji ýyl talyby

Weliýew Muhammet – Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby

Çaryýew Baýram – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Dil taýýarlyk bölüminiň talyby