TÄZELIKLER

img

Gimnastikaçynyň üstünligi

30 Noýabr 2023

    Ýurdumyzda  sportuň  ösen  ulgamyny  döretmek,  beden  we  ruhy  taýdan  sagdyn  nesilleri  terbiýeläp  ýetişdirmek  babatda  uly  işler alnyp  barylýar. Hormatly  Prezidentimiziň  parasatly  syýasaty  netijesinde  ýurdumyzyň  sport  abraýyny  belende  göterjek  türgenleri ýüze  çykarmak  maksady   bilen, sportuň  dürli  görnüşleri  boýunça  Türkmenistanyň  Çempionatlary  geçirilýär.

    Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  döredip  berýän  giň  mümkinçiliklerinden  ruhlanýan  ýaşlarymyz  dürli  ýaryşlara  gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.         

    “Arkadag   Serdarly  bagtyýar  ýaşlar  ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji  ýylyň  27-30-njy  noýabry  aralygynda  Aşgabat  şäherinde    sportuň  gimnastika  görnüşi  boýunça  Türkmenistanyň  Çempionaty  geçirildi.

    Geçirilen  ýaryşda  Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetiniň  Himiýa  tehnologiýasy  we  ekologiýa fakultetiniň  2-nji  ýyl  talyby  Hasanow  Ramazan  sportuň gimnastika  görnüşi  boýunça  üstünlikli  çykyş  edip, baýrakly  birinji orny  eýelemegi  başardy.