Talyplar okuw-önümçilik tejribeligi saparynda
Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetleri, halkara guramalary we kompaniýalary bilen ylym-bilim ulgamynda işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň hem-de Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara laýyklykda, daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda uniwersitetiň talyplary Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň “Internasional Ltd” Türkmenistandaky şahamçasynyň önümçilik desgalarynda tomusky önümçilik tejribeligini geçdiler.Ähtnamalaryň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň 16-njy awgustyndan bäri talyplar topary uniwersitetiň mugallymynyň ýolbaşçylygynda Pekin şäherinde Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.
Awgust aýynyň ahyryna çenli dowam edýän okuw-önümçilik tejribeligi üçin Hytaýyň nebit uniwersiteti ýörite meýilnama taýýarlady. Meýilnama laýyklykda uniwersitetiň talyplary Hytaýyň nebit uniwersiteti, onuň muzeýleri, tejribehanalary, okuw merkezleri bilen tanyşdyryldy. Tejribeligiň dowamynda CNPC kompaniýasyna we onuň önümçilik desgalaryna baryp gördüler. Şeýle hem talyplar birnäçe gysga möhletli okuwlara gatnaşdylar.
Toparyň ýolbaşçysy uniwersitetiň ýaş mugallymy Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-usulyýet işleriniň gurnalyşy, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň düzülişi, ýerine ýetirilişi, ylmy-barlag işleriň alnyp barlyşy, ylmy-barlag işleri geçirilýän tejribehanalar we talyplaryň ylmy-barlag işlerine çekilişi hem-de sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy bilen giňden tanyşdy.
Hytaýyň nebit uniwersitetinde geçirilýän okuw-önümçilik tejribeligi talyplarda uly täsir galdyrýar. Okuw-önümçilik tejribeligi olaryň nazaryýetde alan bilimlerini daşary ýurt tejribesi bilen baýlaşdyrmakda has-da ähmiýetli bolýar.
Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky taýsyz tagallalary, ýaş nesil hakynda edýän yzygiderli aladalary, döredip berýän mümkinçilikleri, şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdýarys. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!