TÄZELIKLER

img

“Kiberbäsleşik” çäresiniň 3-nji tapgyryna taýýarlyk görmek hem-de Döräp biljek adatdan daşary kiberhadysalara garşy taýýarlygy

20 Sentýabr 2024

   Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 2-nji martynda çykaran 2623-nji Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna” laýyklykda hünärmenleriň, işgärleriň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň maglumat howpsuzlygy boýunça hünär endiklerini ösdürmek, maglumat tehnologiýalary ulgamynda ukyplaryny ýokarlandyrmaga we kämilleşdirmäge bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen, “Türkmenistanda maglumat howpsuzlygy boýunça “Kiberbäsleşik” çäresiniň üçünji (umumydöwlet) tapgyryna taýýarlyk görmek hem-de Döräp biljek adatdan daşary kiberhadysalara garşy taýýarlygy gözden geçirmek boýunça 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 20-ne Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen Kiber türgenleşige ýokary okuw mekdepleriniň 8-den 22 sany mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.

   “Kiberbäsleşik” çäresiniň üçünji (umumydöwlet) tapgyryna taýýarlyk görmegiň çäginde geçirilen Kiber türgenleşik (mowzugy) “Windows operasion ulgamynda işjeň hüjüm” görnüşinde geçirilip netijeler (goşundy) jemlenildi.

img