TÄZELIKLER

img

Taryhy üstünlik

24 Sentýabr 2024

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň taryhyna täze sahypalar ýazylýar. Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamly, dünýä derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, abraýly orunlary eýelemäge ukyply ýurt hökmünde tanalýar.

    Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän hemmetaraplaýyn mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýaşlarymyz halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

    Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Wengriýanyň Budapeşt şäherinde 2024-nji ýylyň 09-njy 24-nji sentýabr aralygynda geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň milli aýal-gyzlar ýygyndy topary hem gatnaşyp, öz çykyş eden “C” kategoriýasynda 14 utuk bilen 1-nji oruna mynasyp boldular.

    Bu taryhy ýenişde Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Lala Şöhradowanyň uly goşant goşandygyny aýratyn belläp geçmeli.

    Bu netije Bütindünýä küşt olimpiadalaryna gatnaşmak taryhynda milli toparymyzyň görkezen iň ýokary netijesidir.

    “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bar.

    Nesillerimiziň kämil derejeleri gazanmagy, döwrüň derejesinden bolmagy üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri we şertleri elýeterli edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!