TÄZELIKLER

img

WETEX 2024 halkara sergisi

04 Oktýabr 2024

    2024-nji ýylyň 1-3-nji oktýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheriniň Dubai World Trade Centre halkara sergiler merkezinde geçirilýän “Suwy gaýtadan işleýän tehnologiýalar, energetika we daşky gurşawy goramak” (WETEX 2024) atly halkara sergä gatnaşmak üçin Ýagyşgeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 2 sany mugallymy we 2 sany talyby 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde iş saparyna ugradyldy.

    2022-nji ýylyň 7-nji iýunynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, “Türkmennebit” döwlet konserni we “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Şertnama baglaşyldy.

    Şertnamanyň çäklerinde uniwersitetiň mugallymlary we talyplary tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini döretmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion ýel energetika tehnologiýasy işlenip düzüldi we onuň makedi taýýarlanyldy. Işlenip düzülen innowasion ýel energetika tehnologiýasyny “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasy bilen bilelikde Hazar deňziniň kenarynda önümçilige ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

    WETEX 2024 halkara sergisine dünýäniň 62 döwletinden 2600 golaý kompaniýalaryň gatnaşmagy, serginiň çäginde gün, ýel we wodorod energetikasyna, nebit we gaz pudagyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryna, suwy gaýtadan işlemegiň we arassalamagyň täze tehnologiýalaryna, ekologiýa bilen bagly durnukly ösüşi üpjün edýän täzeçil çözgütlere degişli eksponatlar görkezilýär.

    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary “Suwy gaýtadan işleýän tehnologiýalar, ýaşyl energetika we daşky gurşawy goramak (WETEX 2024)” atly halkara sergä gatnaşmak bilen öz döreden ýel energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän innowasion tehnologiýasynyň makedini sergide görkezýärler. Uniwersitetiň mugallymlarynyň we talyplarynyň döreden Ýel energetika tehnologiýasynyň wideo roligi “Dragon Oýl” nebit-gaz kompaniýasyna WETEX 2024 sergisinde bölünüp berlen ýerde günüň dowamynda yzygiderli görkezilýär.

    Halkara sergide uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine, ýaşyl energetika degişli innowasion tehnologiýalar bilen ýakyndan tanyşarlar.

    Şeýle hem, 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda serginiň çäklerinde “Dragon Oýl” nebit-gaz kompaniýasy tarapyndan gurnalýan energetikanyň geljegi, nebit-gaz pudagyna ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar, atmosfera metan zyňyndylaryny azaltmak, nebitiň galyndylarynyň ekologik meseleleri atly seminara gatnaşdylar. Bu seminarda Dragon Oýl we Enoc kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de Musurun Sharja Uniwersitetiniň professorlary çykyş etdiler.