Wodorod energetikasy merkezi

Wodorod energetikasynda Beýik Britaniýanyň tejribesini öwrenmek hem-de bu ugurdaiki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iş duşuşygy geçirildi (wideo aragatnaşyk arkaly)

      2022-nji ýylyň aprel aýynyň 19-yna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Beýik Britaniýanyň Energetika senagatlary boýunça geňeşi we beýleki britan kompaniýalarynyň gurnamagynda “Wodorod energetikasynda Beýik Britaniýanyň tejribesini öwrenmek hem-de bu ugurda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak”atly tema boýunça Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleriniň we ýurdumyzyň degişli edaralarynyň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata şeýle-de Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika Ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet Ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

img