Giňişleýin

img
03 October 2020

«Talyp tölegi» - Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň täze onlaýn hyzmaty

«Halkbank» döwlet täjirçilik banky onlaýn hyzmatlarynyň sanyny barha artdyrýar. Bankyň täze «Talyp tölegi» hyzmatynyň maksady ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, tölegli esasda bilim alýan talyplaryň töleg işini ýeňilleşdirmekden we döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. «Talyptölegi» hyzmaty arkaly talyplar bankyň resmi internet ýerleşdirilen sahypasynda https://halkbank.gov.tm/ ýerleşdirilen «Onlaýn-tölegler» atly bölümden bank kartlary arkaly okuw tölegini onlaýn usulda geçirip bilerler.  

Täze hyzmat talyplara we olaryň ene-atalaryna birnäçe ýeňillikleri hödürleýär:

  1.  Ilkinji nobatda, talyp ýa-da ýakyn hossary tölegi geçirmek üçin banka barmak bilen bagly wagtyny tygşytlaýar;
  2.  Nagt tölegde talypdan birbada bir ýyllyk ýa-da alty aýlyk tölegi geçirmek talap edilýän bolsa, onlaýn hyzmaty arkaly bir ýa-da birnäçe aýlyk tölegi hem geçirmek mümkinçiligi bar;
  3.  Töleg üçin talybyň özüniň ýa-da ýakyn hossarynyň (ene-atasynyň, doganlarynyň, garyndaşlarynyň) «Altyn asyr» bank karty hem ulanylyp bilner;
  4.  Onlaýn töleg hepdäniň islendik gününde, gije-gündiz elýeterlidir;
  5.  «Talyp tölegi» onlaýn bank hyzmaty arkaly geçirilen tölegler boýunça tölegiň güwänamasyny almaga mümkinçilik döredilen.

Hyzmatdan peýdalanmak üçin bildirilýän talaplar:

  1.  Her talyp okaýan ýokary okuw mekdebinden şahsy belgisini (logini) we açar sözüni alyp, bankyň internet sahypasyndaky ýörite bölüme şol maglumatlary girizmeli we öz şahsy otagyna girmeli;
  2.  Hyzmatdan peýdalanmak üçin töleg geçirilýän kartyň CVC koduny bilmeli we bank kartyna SMS hyzmaty birikdirilen bolmaly