Uniwersitetiň gurluşy

Buhgalteriýa

21 Mart 2021

Buhgalteriýa Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda uniwersitetiň ähli maliýe-hojalyk işamallaryny hasaba almagy guramak maksady bilen döredilen.  Esasy wezipeleri: maliýe-hojalyk işleriň buhgalteriýa we salgyt hasabynyýöretmek, emlägiň howpsuzlygyna, pul serişdeleriniň we maddy gymmatlyklaryňmaksadalaýyk harçlanmagyna gözegçilik etmek.

Buhgalteriýanyň işiniň esasy ugurlary:

  • esasy serişdeleriň, material-önümçilik ätiýaçlyklaryň, maliýe serişdeleriniň we uniwersitetiň beýleki gymmatlyklarynyň hasabyny ýöretmegi meýilleşdirmek we guramak;
  • býujet we býujetden daşary gaznalar bilen iş şertnamalary boýunça kontragentler bilen hasaplaşyklary meýilleşdirmek we guramak;
  • aýlyk haklaryny we talyp haklaryny hasaplamak we tölemek, uniwersitetiň işgärleri bilen öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek;
  • nagt we hasaplaşyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegini üpjün etmek, alnan serişdeleri göz öňünde tutulan işleri üçin harçlamak;
  • iş amallarynyň ýerine ýetirilişiniň buhgalter hasabatlarynda öz wagtynda we dogry görkezilmegini üpjün etmek;
  • uniwersitetiň buhgalter we salgyt hasabatlaryny taýýarlamak;
  • hasap (inwentar) barlagyny geçmek arkaly uniwersitetiň emläginiň, şol sanda maliýe we esasy serişdeleriň, saklanylýan hem-de ulanylýan ýerlerinde uniwersitetiň beýleki maddy gymmatlyklarynyň tükelligine gözegçilik etmek;
  • buhgalteriýa we statistiki hasabaty öz wagtynda düzmek we tabşyrmak, býujetden daşary döwlet gaznasyna, salgyt gullugyna we ş.m. hasabat bermek;
  • ýetmezçiligiň, nädogry harçlamalaryň we beýleki hukuk bozulmalaryň hem-de hyýanatçylykly hereketleriň öňüni almak üçin çäreleri görmek.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Baş bina, 6-njy gat, otag 613
  • Tel: (+99312) 39-13-07  
  • Faks: (+99312) 39-14-00
  • E-mail: iuog@online.tm
  • Web-saýt: iogu.edu.tm