Uniwersitetiň gurluşy

Kanselýariýa

12 Sentýabr 2023

Kanselýariýanyň işiniň esasy ugurlary

Kanselýariýanyň esasy işleri:

  • uniwersitetde iş dolandyrylyşynyň işini guramak;
  • uniwersitetde resminamalary alyp barmagyň birkysmy görnüşini üpjün etmek;
  • uniwersitetiň bölümlerinde degişli işleri dolandyryşyň usulyýetini guramak;
  • arhiwe gowşurmak üçin resminamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine we taýýarlanmagyna gözegçilik etmek;
  • resminamalar bilen işlemegiň görnüşlerini we usullaryny gowulandyrmak.

Kanselýariýanyň funksiýalary:

  • uniwersitetde iş dolandyrylyşyny alyp barmak;
  • gelýän we gidýän hatlaryň öz wagtynda işlenmegini, barmaly ýerine gowşurylmagyny üpjün etmek;
  • resminamalaryň ýerine ýetiriliş möhletine, olaryň dogry taýýarlanmagyna gözegçilik etmek;
  • resminamalary bellige alyş, hasaba alyş, saklanyş we degişli bölümlere geçirmek boýunça işleri guramak;
  • uniwersitetde iş dolandyrylyşy alyp barmak boýunça görkezmeleri işläp düzmek we olary durmuşa geçirmek;
  • uniwersitetiň bölümlerinde iş dolandyrylyşyny guramagyň usuly görkezmelerini işläp taýýarlamak;
  • işleriň amala aşyrylmagyna gözegçilik etmegiň netijelerine esaslanýan resminamalary ýerine ýetirmegiň möhletleriniň berjaý edilişi barada hasabatlary taýýarlamak.

Kanselýariýanyň hukuklary:

  • kanselýariýanyň ygtyýarlyklaryna degişli meseleler boýunça uniwersitetiň gurluş bölümlerine görkezmeler bermäge;
  • uniwersitetiň gurluş bölümlerinden aşakdakylary talap etmäge:
  • resminamalar bilen işlemek üçin kesgitlenen düzgünleriň dogry ýerine ýetirilmegine;
  • resminamalaryň, görkezmeleriň we çözgütleriň ýerine ýetirilişi barada maglumat almaga;
  • tabşyryklary we çözgütleri öz wagtynda ýerine ýetirmäge;
  • iş dolandyrylyşyň düzgünleri bozulyp, pes hilli taýýarlanan resminamalary düzetmek üçin yzyna gaýtarmaga we berlen bellikleri göz öňünde tutup, resminamalaryň gaýtadan düzedililşini gözegçilikde saklamaga;
  • uniwersitetiň gurluş bölümlerinde iş dolandyrylyşynyň guralyşyna barlag geçirmäge;
  • kanselýariýanyň ygtyýarlyklaryna degişli meseleler boýunça maslahat (düşündiriş, teklip) bermäge.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Baş bina, 3-nji gat, otag 313
  • Tel: (+99312) 39-14-15
  • Faks: (+99312) 39-14-00
  • E-mail: iuog@sanly.tm
  • Web-saýt: iogu.edu.tm