TÄZELIKLER

img

Uly mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi.

26 Aprel 2023

     2023-nji  ýylyň  26-njy  aprelinde  Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetiniň  uly  mejlisler zalynda  şu  ýylyň  20-nji  aprelinde  Gahryman  Arkadagymyz  Gurbanguly  Berdimuhamedowyň  başlyklyk  etmeginde geçirilen  Türkmenistanyň  Halk  maslahatynyň  mejlisini  halkyň  arasynda  giňden  wagyz  etmek  maksady  bilen  hoşallyk maslahaty  geçirildi.  Maslahatda  çykyş  edenler  Gahryman  Arkadagymyzyň  Halk  maslahatynyň  mejlisinde  öňde  goýan meseleleri  barada  giňişleýin  gürrüň  berdiler  hem-de  halkyň  geljegi  ugrunda  edýän  çäksiz  aladalary  üçin  Gahryman Arkadagymyza  we  Arkadagly  Serdarymyza  alkyş  sözlerini  aýtdylar.

img