TÄZELIKLER

img

Merkezi Aziýa çempionatynda

21 Dekabr 2023

    Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň Galkynyşy  döwründe  türkmen  sportunyň  taryhyna  täze sahypalar  ýazylýar. Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamly, dünýä derejesindäki  ýaryşlary üstünlikli geçirmäge ukyply ýurt hökmünde tanalýar.

    “Arkadag  Serdarly  bagtyýar  ýaşlar  ýyly” diýlip  yglan  edilen  2023-nji  ýylyň 18-21-nji dekabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň  Daşkent şäherinde  sportuň  uşu görnüşi boýunça Merkezi  Aziýa çempionatynda  geçirilen ýaryşda  türkmen türgenleri üstünlikli  çykyş  etdiler.

    Ýaryşda  Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit  we  gaz uniwersitetiniň  Energetika  we inženerçilik  desgalary fakultetiniň  5-nji  ýyl talyby Gurbanow Agajan 90  kg agramda  III  orna  mynasyp boldy.

    Bu üstünlik  ýurdymyzda  sportuň  täze  belentliklere  çykmagy  üçin  öňde  goýlan  wezipeleriň  üstünlikli  durmuşa geçirilýändigini  aýdyň  beýan edýär.

    Türgenlerimiziň  dünýä  derejesindäki  üstünlikli  çykyşlary  sporty  söýüjilerde  guwanç, buýsanç duýgularyny  döredýär.