Wodorod energetikasy merkezi

“Wodorod energiýasynyň ösüşiniň geljegi” atly okuw-maslahaty.

    Türkmenistanyň Prezidentiniň  2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda çykaran 2581-nji karary bilen tassyklanan  “Türkmenistanyň  wodorod energetikasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek  boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň” Meýilnamasyna laýyklykda,ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de bu ugurda halkara ylmy  hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen uniwersitetde degişli işler alnyp  barylýar.

     2022-nji ýylyň fewral aýynyň 28-ne Ýagşygeldi Kakaýew  adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energetikasy merkeziniň  hünärmenleriniň we uniwersitetiň talyplarynyň gatnaşmagynda Ýewropada  howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSCE) gurnamagynda onlaýn duşuşyk  geçirildi. 

img