Wodorod energetikasy merkezi

“Türkmenistanda wodorod energetikasyny ösdürmegiň ähmiýeti" atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

     2022-nji ýylyň aprel aýynyň 8-ine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň döwlet  energetika  institutynyň “Gaýtadan dikeldiýän  energiýa  çeşmeleri”  ylmy-önümçilik merkeziniň gurnamagynda  Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleriniň  gatnaşmagynda  “Türkmenistanda  wodorod energetikasyny ösdürmegiň  ähmiýeti” atly onlaýn  ylmy-amaly  maslahaty geçirildi. Maslahata şeýle-de  Türkmenistanyň  Daşary işler Ministrliginiň  Halkara  gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň  Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň  professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

img